Aşgabatda BMG-niň ählumumy strategiýasyny amala aşyrmak boýunça sebitleýin duşuşyk geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Aşgabatda BMG-niň ählumumy strategiýasyny amala aşyrmak boýunça sebitleýin duşuşyk geçirildi

опубликованно 13.06.2017 // 1236 - просмотров
 

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde “BMG-niň we Merkezi Aziýanyň arasynda BMG-niň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli gepleşik” atly duşuşyga gatnaşdy. Ýygnananlaryň hatarynda ministrler, ýokary wezipeli wekiller, şeýle hem Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Täjigistandan we Özbegistandan terrorçylyga garşy agentlikleriň we milli howpsuzlyk edaralarynyň, düzümleriň ýolbaşçylary bar.

Duşuşygyň gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny Sebit derejesinde durmuşa geçirmek boýunça Merkezi Aziýa üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine syny ara alyp maslahatlaşmak meselesi girizildi. Şu gezekki duşuşygyň esasy maksady durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça wezipeleri hem-de abraýly düzümleriň tejribesini hem-de mümkinçiliklerini ulanmak arkaly olary çözmegiň dürli ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Adamzada iň çynlakaý howp bolup durýan meseleleriň biri boýunça maslahatyň Aşgabatda geçirilmegi tötänleýin däldir. Biziň döwletimiz özüni BMG-niň jogapkärli hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşy hökmünde görkezmek bilen baý parahatçylyk döredijilik tejribesini toplady, muňa Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygy astynda türkmen paýtagtynda geçirilýän halkara derejeli iri forumlar, şeýle hem türkmen paýtagtynda mundan 10 ýyl ozal Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-niň Sebit merkeziniň açylmagy hem şaýatlyk edýär.

Bularyň ählisi Merkezi Aziýa sebitinde geosyýasy merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyryp, ony durnuklaşdyryjy, goşulyşmak hereketine işjeň gatnaşyjy, parahatçylygy hem-de adalatlylygyň ýokary taglymlaryny kemala getirmekde pikirdeşlerini öz tarapyna barha köp çekmegi başarýan döwlet hökmünde ony öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna çykarýar, bu ýokary taglymlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän parahatçylyk dörediji daşary syýasat strategiýasynda öz beýanyny tapýar.

BMG-niň Baş sekretary duşuşyga gatnaşyjylary gutlamak bilen, Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýany bilelikde durmuşa geçirmegiň nusgasy bolup durýandyklaryny belläp, Duşuşyga gatnaşyjylara olaryň terrorçylygа garşy durmak boýunça meseläniň çözülmegine ygrarlydyklary üçin hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen şu günki geçirilen gepleşikler, şeýle hem beýleki Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlary bilen geçirilen öňki duşuşyklar sebitiň döwletleriniň bu meseläni gyzyklanma bildirýän dünýä düzümleri bilen bilelikde, ýakyn hyzmatdaşlykda çözmäge taýýardyklarynyň tassyklanmasy boldy.

Şunuň bilen baglylykda, bu strategik ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge Türkmenistanyň uly goşandy bellenildi. Häzirki zaman tapgyrynda ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ýokary derejä çykaryldy. Olar terrorçylyga we neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy göreş, parahatçylyk dörediji işler we parahatçylygy goldamak, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, gender deňligi, adam söwdasyna garşy durmak, şeýle hem migrasiýa hereketlerini kadalaşdyrmak işleridir.

Antoniu Guterreş BMG-niň Aşgabatdaky merkeziniň alyp barýan işlerini makullaýandygyny we goldaýandygyny beýan edip, ýokary derejeli gepleşigiň mümkin bolan dawalaryň öňüni almak hem-de olaryň ýüze çykmagynyň sebäplerini aradan aýyrmagyň netijeli guralyny işläp taýýarlamakda bütin adamzadyň tagallalaryny jemlemekde möhüm goşant boljakdygyny nygtady.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şu gezekki duşuşyk “Birleşen Milletler Guramasynyň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny Merkezi Aziýada durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň” taslamasynyň ikinji tapgyrynyň jemleýji çäresi bolup durýar. Bu taslama Birleşen Milletler Guramasynyň terrorçylyga garşy merkeziniň terrorçylyga garşy çäreleri amala aşyrmak boýunça Maksatlaýyn toparyň edarasy tarapyndan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-niň Aşgabatdaky Sebit merkezi bilen bilelikde Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Norwegiýanyň goldaw bermeginde durmuşa geçirilýär.

Bu işde döwletler bilen bilelikde parahatçylygyň we howpsuzlygyň saklanylmagy üçin syýasy hem-de hukuk jogapkärçiligini çekýän abraýly guramalara uly orun degişlidir. Guramaçylykly jenaýatçylyga we terrorçylyga garşy durmakda hyzmatdaşlygyň netijeli ulgamyny döretmekde ýurtlaryň bähbitlerini, bu ugurda olaryň garaýyşlarynyň utgaşdyrylmagyny, milli we halkara hukugyny kämilleşdirmegi beýan etmek bilen, BMG bu meseläni gün tertibine girizýär.

Häzirki wagtda terrorçylyga garşy göreş boýunça möhüm resminamalar hereket edýär, olaryň her biri kadalaşdyryjy gurala eýedir, emma şol bir wagtda olar özara baglanyşyklydyr. Döwletler BMG-niň terrorçylyga garşy göreş boýunça konwensiýalarynyň düýpli häsiýete eýedigini we halkara hukuk borçnamalarynyň üýtgewsiz ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini ykrar etmek bilen, olary üpjün etmek boýunça ýörite maksatnamalary işläp taýýarlaýarlar. Iş ýüzünde durmuşa geçirilen çäreleriň hatarynda bu ulgamda milli kanunçylyklaryň kabul edilmegini, sebit derejesinde degişli şertnamalaryň taýýarlanylmagyny, anyk işçi toparlarynyň döredilmegini, ýöriteleşdirilen düzümler bilen ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny bellemek bolar.

Wekiliýetleriň agzalary şu gezekki maslahatyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, ýokary derejeli gepleşigiň terrorçylyga garşy göreşe utgaşykly strategik çemeleşmegiň zerurdygyna düşünmek işinde Merkezi Aziýa döwletlerine syýasy itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Bu möhüm meseläniň çözgüdini tapmakda sebitiň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek hem-de ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak bularyň çözgüdini tapmagyň has netijeli usullaryny taýýarlamaga mümkinçilik berer.

BMG-niň bu ulgamdaky işini utgaşdyrmagy üpjün etmek maksady bilen, terrorçylyga garşy çäreleri amala aşyrmak boýunça Ýörite topar döredildi. Edara terrorçylyga garşy çäreleri amala aşyrmak boýunça Ýörite toparda agzalygy utgaşdyrýar, ol BMG-niň, Bütindünýä gümrük guramasynyň we Interpol ulgamlarynyň 36 guramasyna degişlidir. Birleşen Milletler Guramasynyň terrorçylyga garşy çäreleri amala aşyrmak boýunça Ýörite toparyň çäklerinde 2011-nji ýylda döredilen Terrorçylyga garşy merkez agza döwletlere bu strategiýany durmuşa geçirmekde mümkinçilikleri artdyrmaga goldaw berýär.

Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-niň Aşgabatdaky Sebit merkeziniň orny hakynda aýtmak bilen, çykyş edenler Merkeziň işiniň sebitde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de ähli ýüze çykýan meseleleriň parahatçylykly, ylalaşyk esasynda çözülmeginiň netijeli gepleşigini ýola goýmaga gönükdirilendigini kanagatlanma bilen bellediler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda yzygiderli esasda geçirilýän köptaraplaýyn duşuşyklar umumy meselelere tagallalary jemlemäge mümkinçilik berýär, olaryň hatarynda öňüni alyş diplomatiýasy dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreş we beýleki işlerde oňyn netijeleri gazanmagyň guraly hökmünde iň möhümleriniň biridir. BMG-niň ygtyýarly düzümi hökmünde merkeziň mümkinçilikleriniň işjeň peýdalanylmagy halkara bileleşiginiň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär.

BMG-niň terrorçylyga garşy çäreleri amala aşyrmak boýunça ýörite topary we Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi BMG-niň ýokarda görkezilen strategiýasyny Merkezi Aziýada ulanmak boýunça taslamany durmuşa geçirdi. 2011-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Hökümeti, BMG-niň terrorçylyga garşy göreşi amala aşyrmak boýunça Ýörite topary, Ýewropa Bileleşigi hem-de Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan bilelikde guralan ýokary derejeli duşuşykda Aşgabat Jemleýji Jarnamasy hem-de terrorçylyga garşy göreş boýunça BMG-niň Ählumumy strategiýasyny ýerine ýetirmek boýunça Hereketleriň Bilelikdäki meýilnamasy makullanyldy. Hereketleriň bu meýilnamasy dünýäde şeýle resminamalaryň ilkinjisi boldy. Soňky ýyllaryň dowamynda bu meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek boýunça taslamalar amala aşyryldy.

Birleşen Milletler Guramasy bilen doly derejeli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk BMG-ä ählumumy hyzmatdaşlygyň häzirki zaman ulgamynyň daýanç sütüni, parahatçylygy hem-de halkara derejesinde bähbitleriň deňeçerligini, howpsuzlygyň häzirki zaman keşbiniň durnuklylygyny saklap galmagyň we pugtalandyrmagyň ygtybarly kepili hökmünde garaýan döwletleriň saýlap alan strategik ýoludyr.

Şunuň bilen baglylykda, ählumumy howpsuzlygyň bitewi ulgamyny, şol sanda sebitleýin parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň ygtybarly gurallaryny döretmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny goldamak boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryna ýokary baha berildi. Türkmenistan diňe BMG-niň abraýyna, syýasy-diplomatik gurallara daýanmak bilen, halkara bileleşigiň işiniň guralmagynyň, ilkinji nobatda bolsa, sebitiň döwletleriniň işleriniň guralmagy zerurdyr diýip hasap edýär.

Owganystana parahatçylykly we abadan durmuşy gurmaga, durmuş-ykdysady düzümleri dikeltmäge, şol sanda ileri tutulýan ulgamlarda ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna iş ýüzünde kömek berilmegi türkmen döwletiniň üýtgewsiz oňyn garaýyşlarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşyga gatnaşyjylar maslahatyň jemini jemlemek bilen, häzirki döwrüň ýagdaýlarynyň döwletleriň we iri halkara guramalaryň umumy baş maksada — howpsuzlygyň, sebitde we ählumumy derejede durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýetmegiň bähbidine has ýakyn we utgaşykly hereket edilmegini talap edýändigini ýene bir gezek nygtadylar. Çykyş edenler şu düzümiň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendigini aýdyp, şu gezekki çäräniň ähmiýetini bellediler. Wekilleriň pikirine görä, bu forum häzirki zamanyň möhüm meselesini çözmek boýunça işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň ugrunda möhüm ädim bolar.

BMG-niň Baş sekretary şu günki duşuşygyň jemleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan terrorçylyga garşy durmak boýunça Aşgabat jarnamasynyň kabul edilmegi, şeýle hem olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny hem-de Merkezi Aziýa üçin onuň Bilelikdäki hereketleriniň meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli tagallalaryny goldamak bilen, bu resminamanyň ähmiýetini nygtady.“Hiç bir ýurt ýekelikde terrorçylygy ýeňip bilmez” diýip, jenap Antoniu Guterreş aýtdy.

Ýokary derejeli gepleşige gatnaşyjy ýurtlar bu jarnamada Birleşen Milletler Guramasynyň terrorçylyga garşy düzümlerini Terrorçylyga garşy göreş boýunça täze Müdiriýeti döretmek arkaly özgertmek boýunça Baş sekretaryň ýakynda öňe süren başlangyjyny goldaýarlar hem-de Milletler Bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalarynyň möhümdigini ykrar edýärler. Kabul edilen resminamada terrorçylyga garşy çäreleri amala aşyrmak boýunça Ýörite toparyň edarasynyň, BMG-niň Terrorçylyga garşy merkeziniň hem-de Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-niň Sebit merkeziniň alyp barýan işlerine, şeýle hem beýleki halkara, sebit we sebitara guramalary tarapyndan bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny amala aşyrmakda berilýän bilermenlik kömegine hem-de goldawyna ýokary baha berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa forumyň ýokary guramaçylyk derejede üstünlikli işlemegi üçin döredilen amatly şertler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter