„Türkmenistan awiakompaniýasy“ ÝGPJ Aşgabat-Duşanbe-Aşgabat aralygyna täze howa gatnawyny açmaga taýýarlanýar | TDH
Jemgyýet

„Türkmenistan awiakompaniýasy“ ÝGPJ Aşgabat-Duşanbe-Aşgabat aralygyna täze howa gatnawyny açmaga taýýarlanýar

опубликованно 12.06.2017 // 977 - просмотров
 

Türkmen awiatorlary ýakyn wagtda dostlukly gatnaşyklar däbe öwrülen Täjigistan Respublikasy bilen yzygiderli howa gatnawyny açmagy göz öňünde tutýarlar.

Howa gatnawy döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze sepgitlere çykarmagy göz öňünde tutýan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde amala aşyrylar.

Duşanbä ilkinjiler bolup uçan wekilýet agzalary döwletara özara hereketi giňeltmek hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde täjigistanly hyzmatdaşlary bilen gepleşikler geçirerler.

Türkmen wekilýetiniň hatarynda Senagatçylar we telekeçiler müdirýetiniň agzalary, TSTB agzalary bolan esasy kompaniýalaryň we firmalaryň ýolbaşçylary, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, syýahatçylyk firmalarynyň hünärmenleri bar. „Türkmenhowaýollary“ Gullugynyň we „Türkmenistan awiakompaniýasy“ ÝGPJ-niň wekilleri täjigistanly kärdeşleri bilen iki paýtagtyň arasynda yzygiderli howa gatnawyny ýola goýmagy gurnamak babatda awiasiýa düzümleriniň bilekdäki işe taýýarlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Duşanbä bir günlük saparyň çäklerinde türkmen wekilýetiniň agzalary täjigistanly telekeçiler, syýahatçylyk pudagynyň hünärmenleri, şeýle hem ykdysady, energetika we ulag ulgamlarynyň wekilleri bilen özara hereketi güýçlendirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter