Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi

опубликованно 10.06.2017 // 948 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna bolan iş saparyny tamamlap, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, käbir ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň Gazagystan Respublikasyna bolan iş saparynyň jemlerine, BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana boljak iş saparyna taýýarlyk meselelerine, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek hem-de ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, “Astana EKSPO—2017” ýöriteleşdirilen halkara sergisinde ýurdumyzyň sergi merkeziniň açylmagy dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň abraýyny artdyrýar. Şu gezekki sergi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryny dünýä bileleşigine görkezmek, şonuň bilen bir wagtda hem dürli ulgamlarda toplanylan öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Bilelikdäki mejlisde BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň Türkmenistana saparyna görülýän taýýarlyk baradaky hasabat diňlenildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde dünýä ýurtlary we abraýly halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. Muňa Birleşen Milletler Guramasy bilen gepleşikleriň soňky ýyllarda täze many-mazmuna eýe bolmagy hem şaýatlyk edýär. BMG Türkmenistana ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde garaýar we ýurdumyz bu iri halkara guramanyň ýokary ynamyna eýe boldy.

Öňde boljak ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyk BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyga täze itergi berer hem-de türkmen Lideriniň oňyn syýasy ugrunyň giň ykrarnama hem-de goldawa eýe bolýandygynyň, öz parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini ählumumy abadançylygyň bähbidine ugrukdyrýan Türkmenistanyň barha artýan abraýyny alamatlandyrýar.

Milli Liderimiz döwletimiziň BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, öňde boljak gepleşikleriň Türkmenistan bilen iň iri halkara guramasynyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam berjekdigini aýdyp, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň saparyna taýýarlyk görmek we üstünlikli geçirmek boýunça birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işini kämilleşdirmek, Aziada—2017-ä taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, tertip-düzgüni berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça hasabatlary diňledi.

Hususan-da, ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynyň düzümlerine dünýäniň ösen tejribelerini, täzeçil tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem Aziýa oýunlaryna niýetlenen sowgatlyklary öz wagtynda taýýarlamak boýunça zerur çäreleri görmek meselelerine seredildi.

Şeýle hem ýaryşlara görülýän taýýarlyk işleri, türgenleriň, tälimçileriň lybaslary, olaryň görnüşleri baradaky hasabatlar diňlenildi.

Mejlisiň dowamynda paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadançylyk derejesini, şeýle hem ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işler barada aýdylyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň ugurlary, öňde durýan wezipeler kesgitlenip, olary ýerine ýetirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada habar berildi.

Bilelikdäki mejlisiň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmekde, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan täze kanunçylyk namalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem durlup geçildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Aziada—2017-niň geçirilmeginiň barşynda degişli gulluklaryň sazlaşykly işini guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Aýratyn-da, türgenlere degişli ugurlar boýunça hyzmatlaryň ýola goýulmagynyň, Aziadanyň medeni maksatnamasynyň ýokary derejede işlenip taýýarlanylmagynyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz obasenagat toplumyny ösdürmek meselesi barada aýtmak bilen, ähli agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak, olaryň degişli derejede saklanylmagy, gallanyň gaýtadan işlenilmegi boýunça ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçýän pursatlarynda paýtagtymyzyň awtomobil ýollarynda tertip-düzgüniň üpjün edilmeginiň wajypdygyny aýratyn belledi. Şeýle hem ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak zerurdyr. Hyzmatlar ulgamy has ýokary derejä çykarylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu meseleleriň degişli ýolbaşçylaryň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy.

Şeýle hem bilelikdäki mejlisiň dowamynda beýleki möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter