Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini gutlady

опубликованно 12.06.2017 // 952 - просмотров
 

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine

Mähriban ýaşlar!
Eziz talyplar!

Sizi agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyrýan, döredijiligiň hem-de dostlugyň özboluşly baýramyna öwrülen Ylymlar gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu ajaýyp baýrama bagyşlanan çäreleriň döredijiligiň täze menzillerinde ylmy-inženerçilik pikirleri, senagat-innowasion, maglumat-tehnologiki barlaglary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ylmy-bilim binýadyny has-da pugtalandyryp, şan-şöhratyny has-da belende göterjek bagtyýar ýaşlarymyzda gaýtalanmajak täsirleri galdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi hem-de häzirki döwrüň talaplary nazara alnyp, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biziň ylmy-tehniki döwlet syýasatymyza laýyklykda, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde we beýleki ýokary okuw mekdeplerinde geljegimiz bolan ýaş alymlary, hünärmenleri, talyp ýaşlary tejribeli halypalaryň ýolbaşçylygynda ylmy barlaglara ugrukdyrmak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň garamagynda Ýaş alymlaryň merkeziniň döredilmegine biz ylmy döwrebaplaşdyrmagyň, ylym, tehnika we tehnologiýalar babatda zehinli ýaşlarymyzy goldamagyň hem-de höweslendirmegiň ýolundaky möhüm ädim hökmünde ýokary baha berýäris.

Ýaş alymlaryň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy açyşlarynyň hem-de tejribeleriniň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri amala aşyrmakda, ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän täze senagat pudaklaryny döretmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde mynasyp goşant bolup durýandygy aýratyn guwandyrýar. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça her ýyl bäsleşigiň geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag usulyýetini özleşdirýän, ylmy gözleglere ukyply ýaş alymlaryň — eziz Watanymyzyň şu günki we geljekki ösüşlerine ýardam berjek täze nesliň kemala gelýändigini görkezýär.

Berkarar Watanymyzyň geljegi bolan mähriban ýaşlar!

Dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalanmagynda, abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde ylmyň, bilimiň, medeniýetiň we döredijilikli başlangyçlaryň mümkinçilikleri çäksizdir. Häzirki döwürde ylmyň we bilimiň, milli medeniýetimiziň mümkinçiliklerini, döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlaryny parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, biz bu asylly däplerimizi mynasyp dowam etdirýäris. Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys. Giň düşünjeli, hünär taýdan ýokary taýýarlykly ýaş alymlarymyzyň, inženerlerimiziň, tehnologlarymyzyň we hünärmenlerimiziň halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlarynyň has-da giňeldilmegine hem-de çuňlaşdyrylmagyna, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaklary eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Mähriban ýaşlar!

«Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýlişi ýaly, türkmen halky ylma-bilime edep-terbiýäniň açary, eşretli durmuşyň gözbaşy hökmünde aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle bolansoň, ylym-bilimi, düşünjedir paýhasy asudalygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine gönükdirmek biziň halkymyzyň durmuş kadasyna, milli ruhuna mahsus häsiýetdir. Ylym-bilim Garaşsyz döwletimiziň okgunly ösüşini üpjün edýän kuwwatly binýatdyr. Şoňa görä-de, bagtyýar ýaşlarymyz beýik maksada — demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji we parahatçylyk söýüji halkymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, mertebesini has-da belende götermäge gönükdirilen milli maksatnamalarymyza, giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim özgertmelerimize gowy okamak, döredijilikli zähmet çekmek, gurmak, döretmek, ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşmak, düýpli we amaly taslamalary bilen mynasyp goşant goşmalydyrlar. Bagtyýar ýaşlarymyz taryhymyzyň uzak döwürlerinden bäri agzybirligi, parahatçylygy, ynsanperwerligi baýdak edinip gelen merdana halkymyzyň watansöýüjilik, adalatlylyk, belent ahlaklylyk, lebzihalallyk ýaly ajaýyp sypatlaryny özlerinde jemläp, ylym-bilim basgançaklarynyň belentliklerine ýokary hünär taýýarlygy, kämil düşünje-garaýyşlary bilen ynamly öňe barmalydyr.

Mähriban ýaşlar!
Eziz talyplar!

Sizi ylym we döredijilik ýoluňyzdaky möhüm waka — Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan ajaýyp üstünligiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, eziz Watanymyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri, bilim-ylym basgançaklarynyň täze belentliklerine ýetmegi arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter