Azerbaýjanda Türkmenistanyň ilçisi bellenildi | TDH
Syýasat habarlary

Azerbaýjanda Türkmenistanyň ilçisi bellenildi

опубликованно 09.06.2017 // 955 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlisinde degişli resminama gol çekip, Mekan Işangulyýewi Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi wezipesine belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, Mekan Işangulyýew başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly wezipesinden boşadyldy.

Hormatly Prezidentimiziň Permanlary bilen, oňa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berildi, şeýle hem ol Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky (Baku şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter