Aşgabatda Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar | TDH
Syýasat habarlary

Aşgabatda Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar

опубликованно 09.06.2017 // 870 - просмотров
 

Şu ýylyň 15-16-njy iýun aralygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen -wenger toparynyň üçünji mejlisini Aşgabat şäherinde geçiriler. Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda iki döwletiň işewür toparlarynyň arasynda söwda dolanyşygyny artdyrmak hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Wengriýanyň dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga çalyşýandyklaryny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hökümetara toparynyň işine aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Toparyň nobatdaky mejlisinde anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşylmalydyr. Şol teklipleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ähli ugurlar boýunça giň möçberli hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam berer.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter