Türkmen ýüpekçileri borçnamalaryny ýerine ýetirdiler | TDH
Ykdysadyýet

Türkmen ýüpekçileri borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

опубликованно 08.06.2017 // 1064 - просмотров
 

Ýurdumyzyň ýüpekçileri möhüm zähmet üstünligini gazandylar. Olar döwlete 2 müň 40 tonna golaý pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hoş habar berdiler.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “2017-nji ýylda pile öndürmek hakynda” çykaran Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligine 2 müň 30 tonna möçberinde pile satyn almak hakynda kärendeçiler bilen şertnama baglaşmak tabşyryldy.

Şu ýyl ýurdumyzyň kärendeçileri borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirip, Ahal welaýatynda 155,7 tonna, Balkan welaýatynda 25,3 tonna, Daşoguz welaýatynda 489 tonna, Lebap welaýatynda 961,8 tonna we Mary welaýatynda 407,2 tonna pile hasylyny ýygnadylar.

Ýurdumyzyň ýüpekçileri milli Liderimize oba hojalygyny ösdürmek hakynda edýän atalyk aladasy, daýhanlaryň netijeleri işlemegine döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.Oba hojalyk işgärleri Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzy ösdürmegiň, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, geljekde hem eziz Watanymyzyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gadymy türkmen topragynda şan-şöhraty dünýä dolan ýüpekçiligi üstünlikli ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Häzir türkmen ýüpegi dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önüme öwrüldi. Daşary ýurtly we türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda gurlan kärhanalar, hususan-da Aşgabadyň ýüpek kelepleýji fabrigi, Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi, Ruhabadyň panbarhat öndürýän fabrigi döwrebap ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýüpek halylaryny, keteni matalaryny we beýleki ýüpek önümlerini taýýarlaýan täze bölümler açyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň dokma pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda ýokary hilli türkmen ýüpeginiň görnüşleri we öndürilýän möçberi durnukly artýar, şol sanda daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň harytlarynyň ornuny tutýan taýýar önümleriň täze görnüşleriniň hasabyna ýokarlanýar. Ýurdumyzda ýüpekçiligiň iýmlik binýadyny ösdürmäge uly üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň öňden görüjilikli syýasaty netijesinde oba ilatynyň ýüpekçilige bolan gyzyklanmasy ýylsaýyn ýokarlanýar. Şunda kärendeçileriň maddy gyzyklanmasy möhüm şert hökmünde çykyş edip, ol gymmatly çig malynyň satyn alyş bahasyna ýokarlandyrylmagy bilen şertlendirilendir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän şertlerinde ýüpekçilik pudagy bäsleşige ukyplylygyny artdyrýar. Ýüpek önümçiliginiň ähli bölümleriniň işi—tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmekden, gurçuk tutmakdan başlap, ýüpek çig malynyň alynmagyna hem-de taýýar önümiň çykarylmagyna çenli işler döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýuldy. Dokma senagatyny, şol sanda ýüpekçiligi ösdürmäge gönükdililýän serişdeleriň möçberini has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar, munuň özi dünýä bazarynda uly islege eýe bolan bu önümi artdyrmaga mümkinçilik berer.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter