Türkmenistanda sebit ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanda sebit ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

опубликованно 08.06.2017 // 1483 - просмотров
 

Şu gün türkmen paýtagtynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça Döwletara toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. Bu mejlis ýurdumyzyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy.

Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleri, iri halkara guramalaryň wekilleri—BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň /UNEP/, Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady toparynyň, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň /MASEM/, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň /GIZ/, Merkezi Aziýanyň Sebit dag merkeziniň we beýlekileriň wekilleri bar.

Mälim bolşy ýaly, Durnukly ösüş boýunça döwletara topar (DÖDT) ekologiýa ýagdaýyny kadalaşdyrmak, Aral deňziniň sebitlerinde durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary işläp düzmek we maliýeleşdirmek maksady bilen, 1993-nji ýylda döredilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işçi düzümleriniň biri bolup durýar. 2008-nji ýylda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna BMG-niň Baş Assambleýasynda synçy derejesi berildi. Bu bolsa halkara guramalary, donor ýurtlar, ekologiýa gaznalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge oňyn täsirini ýetirdi. Hususan-da, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisinde goldanan “Aral deňziniň ýakasyndaky ýurtlara kömek bermek boýunça maksatnama”, şeýle hem “Aralyň guramagynyň netijelerini aradan aýyrmak we Aral ýakasyndaky ekologik ulgamlaryň heläkçilige uçramagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň maksatnamasy” tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.

Öz nobatynda, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň esasy wezipesi daşky gurşawy goramak we sebitiň durnukly ösüşiniň çäklerinde Araly halas etmegiň halkara gaznasyna agza ýurtlaryň hereketlerini kadalaşdyrmak bolup durýar. Aşgabatda Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň binýadynda Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň ylmy – habar beriş merkezi döredildi. Ol durmuş-ykdysady ösüş, Aral meseleleriniň çözgüdini tapmak boýunça sebitara ylmy we ekologiki hyzmatdaşlyk boýunça maslahatlary işläp düzýär. Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň işinde 2006-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda, Merkezi Aziýada Durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak barada Çarçuwaly konwensiýa birnäçe ýurtlaryň gol çekmegi möhüm waka boldy.

Şu günki duşuşygyň öňüsyrasynda Durnukly ösüş boýunça döwletara topara agza ýurtlaryň we halkara guramalarynyň wekilleriniň iki günlük iş maslahaty boldy. Onuň barşynda şu günki mejlisiň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy we ylalaşyldy. Ol Aral ýakasynda ýaşaýan ilat üçin oňyn şertleriň döredilmegine, suw we beýleki tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyna howa ýagdaýlarynyň üýtgemegine uýgunlaşmaga we şuňa meňzeşlere gönükdirilen milli tebigaty goramak strategiýalaryny, halkara ekologiýa maksatnamalaryny we taslamalaryny amala aşyrmak bilen baglanyşykly örän giň meseleleri öz içine alýar.

Hususan-da, mejlisde Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň 2017-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy hem-de Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyna başlyklyk etmegiň ygtyýarlyklaryny 2015-2016-njy ýyllarda sebit hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmagy amala aşyran Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna geçirmek baradaky çözgüt kabul edildi.

Şeýle hem Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň Ylmy maglumat merkeziniň we DÖDT-niň ýanyndaky Jemgyýetçilik geňeşiniň, Merkezi Aziýanyň Sebit dag merkeziniň hem-de Merkezi Aziýanyň energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri baradaky Sebit merkeziniň wekilleriniň ýakyn iki ýyl üçin iş meýilnamalary baradaky habarlary diňlenildi. Şeýle hem “Merkezi Aziýanyň dag ulgamlarynyň howasynyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça syny” taýýarlamak barada habar berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar DÖDT-niň işiniň sebit hyzmatdaşlygyndaky orny we täsiri baradaky barlaglaryň netijelerini uly gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşdylar. GIZ-iň “Merkezi Aziýada ykdysady ösüş üçin howanyň üýtgemegini nazara almak bilen, ýerden durnukly peýdalanmak” sebit maksatnamasynyň direktory Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) bilermenleriniň bu düzümiň işini işjeňleşdirmek boýunça netijenamalaryny we maslahatlaryny beýan etdi.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan taýýarlanylan “Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi babatda ýaşyl ykdysadyýet” atly hasabatynda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň gurallary we ileri tutulýan ugurlary seljerildi.

BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasynyň hem-de Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň wekilleri DÖDT we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyň netijeleriniň hem-de iş tejribesiniň syny bilen çykyş etdiler.

Şeýle hem düýn Aşgabatda geçirilen birinji “Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç” atly Halkara ekologiýa forumynyň netijeleri barada habar berildi. Ol Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hem-de Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan guraldy. Forumyň işine degişli ministrlikleriň we edaralaryň, beýleki döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli parlamentleriniň deputatlary, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň, ylmy we işewür toparlarynyň, dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tebigaty goramak we durnukly ösüş, suwdan rejeli peýdalanmak, howanyň global üýtgemegine uýgunlaşmak, “ýaşyl ykdysadyýete” maýa goýumlaryny goýmak babatynda pikir alşyldy. Forumyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezine sebitiň ýurtlary hem-de halkara hyzmatdaşlary bilen bilelikde möhüm strategiki ulgamda geljekki hyzmatdaşlygyň “ýol kartasyny” işläp taýýarlamagy we ylalaşmagy tabşyrdylar.

Umuman, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça Döwletara toparynyň mejlisinde hödürlenen çykyşlar häzirki wagtda sebitiň ähli döwletlerinde Aral ýakasynyň ekologiýasyny gowulandyrmak boýunça anyk ädimleriň ädilýändigine şaýatlyk edýär. Bu babatda ýurdumyzda uly tejribe toplanyldy. Ýurdumyzda Aral ýakasynda durmuş-ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak boýunça çäreleriň giň toplumy, şol sanda bu ekologiýa ýagdaýynyň has ýiti duýulýan Daşoguz welaýatynda bu ugurda degişli çäreler işjeňleşdirilýär. Bu ýerde iri möçberli maýa goýum taslamalary, şol sanda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça, bagy-bossanlyga öwürmek hem-de ýerleriň ýagdaýyny gowulandyrmak, onuň şorlaşmagyna garşy çäreler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm maksatlary we wezipeleri, ilkinji nobatda, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça Sammitinde kabul edilen “2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş ulgamynda gün tertibi” bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy", “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça baş maksatnamasy” munuň aýdyň subutnamasydyr, olaryň çäklerinde sebitlerde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümleriniň döredilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň hasabyna ilatyň iş bilen üpjünçilik ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna iri möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasy hem-de Milli tokaý maksatnamasy yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan ekologiýa meseleleri ýaly aýratyn möhüm ähmiýetli ugurlarda halkara gepleşiklerine işjeň gatnaşmak bilen, BMG-niň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň hem-de giňeltmegiň, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş edýär, tutuş adamzadyň geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözgüdini tapmaga ýardam bermäge çalyşýar. Häzirki wagtda milli we sebit derejesinde durmuşa geçirilýän dürli taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasynyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy ýaly iri halkara guramalary we beýlekiler tarapyndan goldanylýandygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dünýä derejeli forumlarda, şol sanda durnukly ösüş boýunça “Rio+20” Bütindünýä sammitiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji maslahatynyň çäklerinde geçirilen 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Durnukly ösüş meseleleri boýunça sammitiň, Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Ýaponiýada geçirilen BMG-niň Bütindünýä III maslahatynyň hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynyň belent münberlerinden öňe süren oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy.

Olaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Aşgabatda Sebit merkezini açmak baradaky teklip bar, onuň kadaly işlemegi üçin türkmen tarapy ýurdumyzyň paýtagtynda zerur bolan düzümleri döretmäge taýýardyr, şeýle hem BMG-niň Araly halas etmek boýunça Ýörite maksatnamasyny we BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlar bar.

Durnukly ösüş boýunça Döwletara toparynyň mejlisinde häzirki wagtda durmuşa geçirilýän Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň Sebit meýilnamasynyň häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de wehimlerini nazara almak bilen, täzelenmegini talap edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, täze “Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça sebit maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada çözgüt kabul edildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, DÖDT-niň Ylmy–maglumat merkeziniň, onuň bölümleriniň we şahamçalarynyň işini kämilleşdirmegiň we kuwwatyny artdyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Mejlisde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter