Bazar gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi – ykdysady ösüşiň esasy ugry | TDH
Syýasat habarlary

Bazar gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi – ykdysady ösüşiň esasy ugry

опубликованно 07.06.2017 // 895 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edaralarynyň, düzümleriniň we bank ulgamynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini çözmekde milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Bu wezipeler döwlet Baştutanymyzyň degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda düýn geçiren maslahatynda kesgitlendi. Olarda ady agzalan pudaklaryň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Bu ugurda ägirt uly işleriň öňde durýandygy Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişini, ykdysady nukdaýnazardan ähli ykdysady we dolandyryş çözgütleriniň kabul edilmegini, ýurdumyzyň uzakmöhletleýin bähbitleriniň nazarda tutulmagyny, goýberilýän serişdeleriň oýlanyşykly we netijeli peýdalanylmagyny, kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini üpjün etmek meseleleriniň möhümdigine ünsi çekildi. Ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny hemmetaraplaýyn esasda ösdürmäge we berkitmäge, onuň eksport kuwwatyny artdyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmäge, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmaga we olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň zerurdygyny bellendi.

Häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, ýurdumyzyň salgyt gullugyny düýpli özgertmegiň zerurdygyna, şeýle hem täze usullary, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň esasynda maliýe we bank-karzlaşdyryş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň wajypdygy nygtaldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter