Wideoşekilli iş maslahatynda galla oragyna, Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek we ekologiýa syýasatyna garaldy | TDH
Syýasat habarlary

Wideoşekilli iş maslahatynda galla oragyna, Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek we ekologiýa syýasatyna garaldy

опубликованно 05.06.2017 // 967 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de käbir düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Aziada-2017-ä taýýarlygyň çäklerinde paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatynda ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäherde ýerine ýetirilýän abadanlaşdyrylyş işleriniň derejesi hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim paýtagtymyzyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, binalaryň bellenilen möhletlerinde gurlup ulanmaga berilmegi we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli Aşgabadyň ähli görkezijiler babatda sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, şäherde arassaçylyk we abadançylyk işleriniň degişli derejede saklanmalydygyny belledi. Aýratyn-da, şäheriň köçelerinde sürüjiler we ýolagçylar üçin amatly şertleriň döredilmeginiň baş talap bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirýän wideoşekilli iş maslahatyna içeri işler ministri I.Mulikowy çagyrdy.

Ministr içeri işler edaralarynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, tertip-düzgüniň degişli derejede ýola goýulmagyny, ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegini, şeýle hem ýangyn howpsuzlygynyň berkidilmegini ugur edinýän maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ol ulaglaryň hereketine elektron gözegçilik ulgamyny işjeňleşdirmek boýunça maksatnamanyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, ýurdumyzyň baş şäherinde ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, ýol belgileriniň degişli kadalara laýyk bolmagyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy ministrden berk talap etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň çar künjeginde daşyndan gelýän ulaglara niýetlenen awtoduralgalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça zerur tagallalary görmegi tabşyrdy.

Şol bir wagtyň özünde milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ministri M.Aýdogdyýewi çagyrdy. Ministr özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde Aziada-2017-ä taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýolagçy ulaglarynyň bökdençsiz hereketini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýol-ulag düzümine degişli işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmalydygyny belläp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan iri yklymlaýyn ýaryşlara taýýarlygyň çäklerinde ilata hyzmat edýän ulaglaryň sazlaşykly hereketine, olaryň arassaçylyk derejesine we ulaglarda ýola goýulýan hyzmatlaryň medeniýetine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Hususan-da, Aziada-2017-niň ýaryşlarynyň geçirilýän pursatlarynda ulanylmagy meýilleşdirilýän ýolagçy ulaglarynyň hereketine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi, gowaçalara edilýän ideg işleri hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak boýunça agrotehniki kadalara doly laýyk derejede ýola goýulmalydygyny, hususan-da, ýetişdirilen galla hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi.

Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatyň çäklerinde dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň galla meýdanlarynda öňde boljak galla oragy möwsümi baradaky gürrüňe geçmek bilen, ony bellenilen möhletlerde geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi talap etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz galla ýygnaýan kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk derejesini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Welaýatda ähli oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyk alnyp barylmagy boýunça birnäçe görkezmeler berildi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli taýýarlyk işleri, gowaçalara ideg etmegiň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitde gurulýan desgalaryň gurluşygynyň barşy barada aýtdy.

Milli Liderimiz galla oragyna guramaçylykly girişmek üçin hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleriniň geçirilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Mundan başga-da milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, daýhanlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew galla oragyna kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň doly derejedäki taýýarlygyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler, welaýatyň dürli künjeklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly geçirmek we ýokary hilli däne taýýarlamak işlerine ähli önümçilik düzümleriniň sazlaşykly we jogapkärli çemeleşmekleriniň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, ekerançylyk meýdanlaryny netijeli peýdalanmak bilen bagly meselelere hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaçalara degişli derejede ideg etmek we galla oragyna taýýarlyk görmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň dürli künjeklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi.

Mundan başga-da häkim welaýatda V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli geçiriljek dabaralara hem-de “Aziada-2017 dünýä metbugatynda” atly halkara media-forumyna görülýän taýýarlyk işleri we olaryň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek we ony ýokary derejede geçirmek ugrunda zerur bolan taýýarlyk işleriniň ýerine ýetirilmelidigini belledi. Şunuň bilen birlikde, orak möwsümine taýýarlyk işleri bilen bir hatarda beýleki oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, gowaçalara ideg etmegiň agrotehniki kadalara laýyk ýagdaýda alnyp barylmalydygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Aziada-2017-niň ýaryşlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli guraljak dabaralara we geçiriljek halkara media-forumyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini, bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýdyp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew çagyryldy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Aşgabatda geçirilýän Merkezi Aziýa boýunça Halkara ekologik forumynyň gün tertibine girizilen meseleler, oňa gatnaşýanlaryň düzümi we forumyň öňde goýýan wezipeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň oňyn netije bermegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi, aýratyn-da, gowaçalara ideg etmek, galla oragyna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz şu gün ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň giňden we dabaraly bellenilip geçilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň esasy maksadynyň halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli we netijeli peýdalanmakdan ybaratdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak hem-de sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy boýunça Konwensiýalarynyň ençemesine goşulýar, bu ugurda durnukly ösüş boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegi bu ugurda amala aşyrylýan işleriň aýdyň netijesidir. Şu ýyl Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Konsepsiýasyny kabul etdi. Oňa laýyklykda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlyk giň gerimde dowam eder diýip aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylary Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen öňde goýlan wezipeleri çözmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter