Döwlet sirkinde türkmen we amerikan artistleriniň çykyşlary guraldy | TDH
Medeniýet

Döwlet sirkinde türkmen we amerikan artistleriniň çykyşlary guraldy

опубликованно 05.06.2017 // 1166 - просмотров
 

Döwlet sirkinde türkmen we amerikan artistleriniň çykyşlary boldy. Bilelikde taýýarlanan bu maksatnama hakyky dostluk baýramçylygyny alamatlandyrýan halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary syýasatynyň ynsanperwer ugry nazarlaýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet sirkinde geçirilen çykyşlar iki dostlukly ýurduň sirk sungatynyň wekilleriniň döredijilik we usuly gatnaşyklarynyň çäklerinde geçirilen çäreleriniň özboluşly jemlemesine öwrüldi.

Sirk maksatnamasynyň başlanandygyny yglan eden çykyşlarda türkmen-amerikan netijeli hyzmatdaşlygy we dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözleri aýdyldy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Allan Mastardyň belleýşi ýaly, sirk sungaty boýunça biziň ýurtlarymyzyň örän baý taryhy bar. Onuň däplerine bolan ygrarlylyk bizi baglanyşdyrýar.

Amerikadan gelen wekiliýetiň düzüminde sirk sungatynda öz işini netijeli dowam edýän mugallymlar hem-de tälimçiler bar. Howadaky hereketleri ýerine ýetirýän Sara Doul dünýäniň dürli ýurtlarynda bolup, öz ussatlygynyň gizlin syrlaryny açyp görkezýär. Şeýle hem ol bütin dünýä belli dýu Soleý sirkinde tälimçileri taýýarlaýan sirk maksatnamasynyň kepillikli tälimçisi bolup duýar. Masgarabaz, mim, kino režissýor Uilýam “Bill” Forçon ABŞ-nyň, Angliýanyň ýörite okuw mekdeplerinde, şeýle hem çagalar Sirkinde mugallymçylyk işi bilen meşgullanýar. Onuň kärdeşi masgarabaz, režissýuor, aktýor we öz teatryny esaslandyran Billi Higgins dürli ýurtlardaky çykyşyny işjeň tälimçilik we mugallymçylyk işi bilen utgaşdyrýar.

Amerikaly myhmanlaryň Aşgabatda bolmagynyň maksatnamasynda türkmen sirk sungatynyň ösüşi, artistler we olaryň tejribeleri bilen tanyşlyk, usulyýet ulgamyndaky gatnaşyklar, Döwlet sirkinde tejribe sapaklary we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sirk bölüminiň talyplary üçin okuw sagatlary göz öňünde tutuldy.

Iki ýurduň mugallymlarynyň we hünärmenleriniň geçiren duşuşyklarynda dünýä sirk sungatynyň häzirki ýagdaýy we ösüş ýoly bilen baglanyşykly meseleler, onuň döredijiligiň beýleki ugurlary bilen gatnaşyklary hem-de okgunly ösýän şüweleň ulgamynyň orny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ösüp barýan ýaş nesilleri terbiýelemekde sirkiň eýeleýän ornuna aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar sirk artistleriniň, mugallymlaryň we tälimçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmakda özara gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler.

Mälim bolşy ýaly, sirk ýurdumyzyň medeni durmuşynyň köpugyrly ulgamynda möhüm orun eýeleýär. Häzirki döwürde onuň sahnasynda dünýä belli atly ýigitleriniň çykyşlary görkezilýär. Bu ýerde täze artitsler topary kemala gelýär. Şeýle hem sirkde diňe bir milli toparlaryň däl, eýsem ýurdumyzda saparda bolýan daşary ýurtlaryň sirk toparlarynyň çykyşlary uly üstünlik bilen guralýar.

Sungatyň beýleki görnüşleri ýaly, türkmen sirki döredijilik üçin täze gözýetimleri açmak bilen, halkyň gadymy däpleriniň artmagyna, ýaş nesilleriň estetiki we ahlak taýdan terbiýelenmegine, olaryň milli hem-de dünýäniň ruhy gymmatlygyna aralaşmagyna mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sirk sungatynyň üsti bilen milli mirasymyzyň wagyz edilmegi barada aýtmak bilen, bu ugruň ähmiýetini aýratyn belleýär.

Soňky ýyllar bütin dünýä sirk festiwallarynda we abraýly halkara bäsleşiklerinde uly üstünlik gazanýan “Galkynyş” we “Türkmen jigitleri” milli at üstündäki oýunlar toparlarynyň şöhraty Watanymyzyň çäklerinden has alyslara ýaýrady. Biziň atlylarymyz Italiýadan, Rusiýada, Ukrainada, Belarusda, Türkiýäde, Hytaýda we beýleki ýurtlarda üstünlikli çykyş edip, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Ýurdumyzyň Döwlet sirkiniň wekili bolan atlylar topary Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen “Eho Azii” atly sirk sungatynyň IХ Halkara festiwalynda kümüş baýraga mynasyp boldy.

Dünýäniň sirk sungaty medeniýetinde sahna çykmak uly baýramçylygy, täsin dünýäni emele getirýär. Onda batyrgaýlyk, çalasynlyk, çeýelik, gözellik we zehin dabaralanýar. Türkmenistanyň Döwlet sirkinde geçirilýän ajaýyp çykyşlara tomaşa eden adam munuň şeýledigine göz ýetirendir. Ýurdumyzyň artistleri we amerikaly myhmanlar bilen bir hatarda şu gün Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary—bu ugra täze gadam goýýan artistler öz zehinlerini görkezdiler. Häzirki döwrüň ýaş artistleri ýurdumyzyň sirk sungatynyň oňyn däplerini dowam etmek bilen, ýakyn wagtda türkmen sirkiniň şöhratyny we abraýyny has-da belende göterer.

Bu ýerde sirk sungatynyň ähli görnüşleri diýen ýaly görkezildi. Tomaşaçylar howada dürli hereketleri ýerine ýetirýänlere, tanapyň üstünde ýöreýänlere, akkrobatlara, dürli serişdeler arkaly çeýeligini, ussatlygyny görkezýänlere, ukyply žanglýorlara, özboluşly keşpleri döreden şadyýan masgarabazlara şowhunly elçarpyşmalary sowgat etdiler. Bir söz bilen aýdylanda sirkiň özboluşly dünýäsi çalasynlygy, çeýeligi, dürsligi, kuwwaty we edermenligi bilen ajaýyp çykyşlary ýaýbaňlandyrdy. Sirk sungatynyň muşdaklaryna bolan mähirli gatnaşyklaryny hereketleriň üsti bilen beýan eden amerikaly şadyýan masgarabazlaryň çykyşlaryna hem tomaşaçylar uzak wagtlap el çarpyşdylar.

Milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bu ýerde guralan şowhunyň özenini düzdi. Ajaýyp atlaryň gözelligi, maksada okgunlylygy, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde dürli hereketderi, birnäçe usullary görkezýän ýaş atlylaryň özboluşlylygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Döredijilik zehini çäksiz bolan atlylara uzak wagtlap el çarpdylar. Atlylaryň çylşyrymly hereketleri bu ýerde guralan çykyşlara özboluşly öwüşgin we milli äheň çaýdy.

Bu ýerde guralan tomaşa gadymy dessur tansy hasaplanýan “Küşt depdi” bilen jemlendi. Sirk sahnasynda artistleriň bilelikdäki çykyşlary dostluk baýramçylygy, sungatyň döredijilik güýjüni görkezdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter