Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa boýunça ekologiýa forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa boýunça ekologiýa forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi

опубликованно 05.06.2017 // 1569 - просмотров
 

Türkmenleriň tebigata söýgüsi milli medeniýetde we däp-dessurlarda öz beýanyny tapdy. Tebigata aýawly garamak we ony goramak zerurlygy döwrebap tilsimatlar bilen baýlaşdyrylýar, bu bolsa olary ähliumumy meseleleri netijeli çözmegiň ýollaryny agtarmaga gönükdirýär,-diýlip gutlag hatynda aýdylýar.

Durmuş gurşawynyň sagdyn, ekologiýa taýdan arassa saklanmagy, tebigatyň özboluşlylygynyň geljekki nesiller üçin saklanyp galynmagy, biologik serişdelerden rejeli peýdalanylmagy, netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy-ýurdumyzda amala aşyrylýan tebigaty goramak syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şundan ugur alyp, Türkmenistan haýwanat we ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek we sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň toplumyny amala aşyrýar.

Aşgabadyň we ýurdumyzyň welaýarlarynyň töwereginde tokaý zolaklarynyň döredilmegi, Hazaryň türkmen kenarynda „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynyň kemala gelmegi, Merkezi Garagumda „Altyn asyr“ Türkmen kölüniň gurluşygy we topragyň zaýalanmagynyň we çölleşmegiň öňüni almak diňe bir biziň döwletimiz üçin däl, eýsem tutuş sebit üçinem uly ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigaty goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça uzak möhletleýin ýörüte maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglanşyklykda daşky gurşawy goramak boýunça BMG-nyň konwensiýalarynyň birnäçesine goşulşan döwletimiz durnukly ösüş boýunça düýpli wezipeleri çözmäge çalyşýar. Türkmenistan BMG-nyň Ösüş maksatnamasy, BMG-nyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy we Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkezi ýaly abraýly sebit hem-de halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär,-diýlip gutlagda bellenilýär.

Türkmenistan BMG-nyň Baş Assambleýasynyň, Durnukly ösüş boýunça „Rio+20“ Halkara konferensiýasynyň, „Tebigy heläkçiliklerde töwekgelçiligiň azalmagy hakynda“ Bütindünýä konferesiýasynyň mejlislerinde, Aral deňziniň meselelerini toplumlaýyn çözmäge, Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramaga bagyşanan Suw forumynda, sebitiň howanyň ähliumumy üýtgemegine uýgunlaşmagyna we onuň ýaramaz täsirlerini azaltmaga, biologik köpdürlüligi saklap galmaga we çölleşmäge garşy göreşe gönükdirilen beýleki halkara forumlarynda möhüm başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi.

BMG-nyň Howanyň üýtgemegi boýunça täze halkara ylalaşygynyň we hazarýaka ýurtlaryň baştutanlarynyň ylalaşyklarynyň birnäçesiniň kabul etmegi, „Altyn asyr“ Türkmen kölüniň sebitiň ekologiýasyny gowulandyrmakdaky ähmiýeti“ halkara koferensiýasynyň, Hazar ekologiýa forumynyň, „Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy“ halkara konferensiýasynyň, „Ýerleriň zaýlanmagyna ykdysady taýdan baha bermek“ sebitara maslahatynyň, Halkara suw forumynyň, şeýle hem Aşgabatda häzirki Merkezi Aziýa boýunça halkara ekologiýa forumynyň geçirilmegi dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň tekliplerini we başlangyçlaryny goldaýanlygyna şaýatlyk edýär,--diýlip Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda hygtalýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter