Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça iş toparynyň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Hazaryň hukuk derejesini kesgitlemek boýunça iş toparynyň mejlisi

опубликованно 01.06.2017 // 945 - просмотров
 

Şu gün türkmen paýtagtynda Hazarýaka döwletleriniň – Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparynyň 49-njy mejlisi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda döwletara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak boýunça bilelikdäki işiň çäklerinde geçirilýän bäştaraplaýyn duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guruldy.

Mejlisiň birinji gününiň barşynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary öz döwletleriniň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň aýry-aýry düzgünleri babatda garaýyşlaryny beýan etdiler hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge degişli beýleki meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Bu konwensiýa Hazar deňzinde dürli ulgamlarda özara gatnaşyklaryň hukuk kadalaryny berkitmelidir.

Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň nobatdaky sammitine taýýarlyk görmegiň çäklerinde goňşy ýurtlaryň Liderleriniň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça uly işler ýerine ýetirildi. Hazaryň halkara-hukuk derejesini kesgitlemek boýunça özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamakda ep-esli öňe gidişlik gazanyldy. Kenarýaka döwletleriň özygtyýarly hukuklaryna hormat goýmagyň esasynda olaryň işiniň möhüm meselelerini kadalaşdyrýan binýatlaýyn halkara ylalaşygy bolan konwensiýanyň esasy ugurlary ylalaşyldy. Resminamanyň taslamasy şeýle hem özüne gämiçilik, daşky gurşawy goramak we tebigatdan, hususan-da, Hazaryň biologiki serişdelerinden hem-de onuň düýbüniň mineral serişdelerinden rejeli peýdalanmak ulgamynda halkara hukugynyň häzirki zaman ýörelgelerini we kadalaryny birleşdirýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň ählisi boýunça ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy. Hazar deňziniň deňiz gurşawuny goramak hakyndaky Çarçuwaly konwensiýa hem-de oňa Teswirnamalara, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Hazar deňziniň suw biologiki serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak hem-de Hazarda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyklara gol çekildi. Türkmen tarapy Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň tekstini gutarnykly ylalaşmaga işjeň ýardam etdi. Şu resminama boýunça işler Türkmenistanyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagynyň monitoringi baradaky Utgaşdyryjy komitetde başlyklyk edýän döwründe tamamlandy.

Häzirki wagtda täze kadalaşdyryjy-hukuk resminamalary taýýarlanylýar, olara bäştaraplaýyn görnüşde gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriniň söwda-ykdysady we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi hakyndaky ylalaşyklar bar. Bu resminamalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 2014-nji ýylda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Sammitinde beýan edilen başlangyçlaryna laýyklykda türkmen tarapy işläp taýýarlady.

Mundan başga-da, iki Teswirnama işlenip taýýarlanylýar. Olar Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Azerbaýjanyň Baku şäherinde 2010-njy ýylda geçirilen III Sammitinde gol çekilen Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň üstüni ýetirer. Bu resminamalar goňşy ýurtlaryň degişli edaralarynyň biologiki serişdeleri bikanun almaga (brakonýerçilige) garşy göreşmek hem-de deňizde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ulgamlarda özara gatnaşyklary üçin hukuk esasyny döreder.

Hazar bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şol syýasat bolsa açyklyk we hoşniýetlilik ýörelgelerine, milli we umumy bähbitleri, deňhukukly gatnaşyklary nazara almaga esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasynda hem olara uly ähmiýet berilýär. Onuň esasy ugurlarynyň hatarynda köp asyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary bilen baglaşan Hazarýaka ýurtlarynyň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugry hem bar.

Häzirki döwürde Türkmenistan Hazaryň hukuk derejesi we sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça gepleşiklere işjeň gatnaşýar, tagallalary birleşdirmäge hem-de Hazar deňziniň ykbaly üçin umumy jogapkärçilige esaslanýan uzakmöhletli hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.

Ertir Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparynyň mejlisi öz işini dowam etdirer.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter