Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyza Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gutlag haty bilen ýüzlendi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyza Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gutlag haty bilen ýüzlendi

опубликованно 01.06.2017 // 1107 - просмотров
 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

Mähriban halkym!
Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!

Sizi adamzadyň belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmunyny özünde jemleýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine hem-de ýaş nesil baradaky aladalara ygrarlydygyny alamatlandyrýan sene hökmünde möhüm ähmiýete eýedir. Çagalary goramagyň halkara güni adamzadyň dostluk hem-de parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, dünýä bileleşigi bilen birlikde eziz Diýarymyzda hem tomus paslynyň ilkinji günlerinde bu halkara güni ýokary ruhubelentlik bilen giňden bellenýär. Çagalary goramagyň halkara gününiň şanyna medeni-durmuş maksatly döwrebap we täsin binalaryň açylmagy, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy, bagtyýar çagalygyň güneşli Diýary hökmünde Bitarap döwletimiziň at-abraýyny dünýä ýaýýar. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede, şeýle hem welaýat merkezlerinde, şäherdir obalarymyzda mähirli we şadyýan çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin aýdymlar, joşgunly sazlar, ajaýyp sahnalar bilen çykyş etmegi, döredijilik we sport bäsleşikleri, şadyýan çaga gülküleriniň ýaňlanmagy uly bagtdyr.

Berkarar döwletimiziň, agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýän, ajaýyp zamanamyzyň ýokary döredijilik ruhuny dabaralandyrýan, ýüreklerimize egsilmez şatlyk hem-de joşgun paýlaýan wakalar, tolgundyryjy pursatlar ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň ajaýyp üstünlikleriniň hem-de eşretli durmuşyň aýdyň beýanydyr.

Eziz watandaşlar!

Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň beden, aň-bilim, ruhy-ahlak, durmuş taýdan hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek döwletimiziň binýadynyň berkligini kepillendirýän esasy şertdir. Şu nukdaýnazardan, biz geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagyna, watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelenmegine, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösmegine, ynsanperwer ýörelgelerimiziň, maşgala gymmatlyklarymyzyň hem-de milli häsiýetlerimiziň mynasyp dowam etdirilmegine döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda mährem enelerimiziň, bagtyýar çagalarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegine, milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen milli maksatnamalar hem-de giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, şeýle hem Köpetdagyň sergin jülgelerinde, Hazaryň kenarynda çagalaryň sagdyn ösmegi üçin döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, eziz Diýarymyza gözellik çaýýan iň häzirki zaman enjamlary, multimedia we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen çagalar baglary, mekdepler, sport merkezleri, enelerimize we körpelerimize halkara derejesinde ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrýan saglyk merkezleri, durmuş-ykdysady goldawlar biziň bu ugurda uly işleri alyp barýandygymyza şaýatlyk edýär.

Mähriban halkym!

Döwletimiz dünýä döwletleri, iri halkara we sebit guramalary bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, çuňlaşdyrylmagyna hem-de giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Ýaş raýatlaryň saglygyny, hukuklaryny goramak, olara adamzadyň ahlak-demokratik ýörelgeleri esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Türkmenistanyň Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejede ogurlanmagynyň raýat jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyna goşulmagy hem döwletimiziň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýändigini tassyklaýar. Şunuň bilen birlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda bilelikdäki okuw maslahatlaryny we duşuşyklary geçirmekde uly netijeler gazanyldy. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda biziň ýurdumyzyň 2018—2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018—2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanmagy Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň üstünlikli hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesi bolup durýar.

Mähriban halkym!
Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!

Sizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter