Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

опубликованно 31.05.2017 // 993 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli öz adymdan, Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna iň gowy gutlaglarymy we arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Mukaddes aýda Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk, doga-dilegleriň kabul bolmagyny, tutuş musulman ymmatyna gowulyklaryň ýar bolmagyny Beýik Biribardan dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Siziň doganyňyz,

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri
Salman ben Abdel Aziz AL SAUD,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglarymy uly şatlyk duýgusy bilen ýollaýaryn.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna öňegidişlik we rowaçlyk dileg edýärin.

Çuňňur hormat we sarpa goýmak bilen,

Abdel Fattah AL-SISI,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we doganlyk arzuwlarymy ibermek mende uly şatlyk duýgusyny döredýär.

Bu nurana aýda Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk eçilmegini, doga-dilegleri kabul etmegini, tutuş musulman ymmatyna ösüş, abadançylyk hem-de parahatçylyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Doganyňyz,

Muhammed ben Naýif ben Abdel Aziz AL SAUD,
Mirasdüşer Şazada, Saud Arabystany Patyşalygynyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, içeri işler ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Bu nurana aýda Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk eçilmegini, doga-dilegleri kabul etmegini, tutuş musulman ymmatyna ösüş, abadançylyk we parahatçylyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Doganyňyz,

Muhammad ben Salman ben Abdel Aziz AL SAUD,
ikinji Mirasdüşer Şazada, Saud Arabystany Patyşalygynyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ikinji orunbasary, goranmak ministri.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter