Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy

опубликованно 25.05.2017 // 911 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ilki bilen Size we Siziň üstüňiz bilen doganlyk türkmen halkyna däp bolan myhmansöýerlik hem-de 2017-nji ýylyň 19—20-nji maýynda Türkmenistana iş saparymyň barşynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda mähirli kabul edendigiňiz üçin, tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge rugsat ediň!

Şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň hem-de Türkmenabatda geçirilen taryhy çäreleriň dowamyna öwrülen, açyklyk hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşyk biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary derejededigini görkezdi.

Döwletara gatnaşyklaryň, sebit we halkara syýasatyň köp meseleleri boýunça netijeli gepleşikler, şeýle hem gol çekilen bilelikdäki resminamalar köpugurly we özara bähbitli özbek-türkmen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Hazar ýalpaklygynda ýataklary özleşdirmek, häzirki wagtda döredilýän döwrebap Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, elektrik energiýasynyň üstaşyr geçirilmegini guramak ulgamlarynda we özara bähbitlere laýyk gelýän beýleki ugurlarda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň aýratyn ähmiýetini belläsim gelýär.

Men şeýle hem, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin we Merkezi Aziýa sebitinde netijeli ulag-üstaşyr düzümi döretmek boýunça işjeň tagallalaryňyzy doly goldaýandygymy beýan edýärin.

Täze Türkmenabat — Farap köprüleriniň gurulmagy netijesinde ýurtlarymyzyň üstünden daşalýan ýükleriň möçberleriniň ep-esli artmagy bu işiň aýdyň netijeleriniň biridir.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda syýahatçylyk, işewürlik we sport düzüminiň desgalaryna bilelikde baryp görmegimiz mende iň mähirli hem-de ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Siziň başlangyjyňyz bilen ägirt uly taslamanyň giň gerimlidigini öz gözüm bilen gördüm. Dünýädäki çökgünlik şertlerinde bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýedigine şaýatlyk edýär.

Biz Merkezi Aziýada halkara derejeli syýahatçylyk we işewürlik toplumynyň döredilmegine tüýs ýürekden guwanýarys. Şol toplumyň hyzmatlaryndan dünýäniň ähli künjeklerinden, şol sanda Özbegistandan barýan myhmanlar peýdalanyp bilerler.

Pursatdan peýdalanyp, “Awazanyň” ajaýyp künjeginde uly şatlyk hem-de höwes bilen dynç alan çagalarymyz üçin dostluk, şadyýanlyk we myhmansöýerlik ýagdaýynyň döredilendigi üçin! Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! Şu ajaýyp günleriň çagalarymyzyň ýadynda köp wagtlap galjakdygyna hem-de biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjakdygyna ynanýaryn.

Bilelikdäki tagallalarymyz bilen dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň bähbidine geljegi uly ugurlaryň ählisi boýunça köptaraply özbek-türkmen gatnaşyklarynyň yzygiderli giňeldilmegini hem-de çuňlaşdyrylmagyny üpjün etjekdigimize berk ynanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk we Siziň döwlet işiňizde täze üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa bagt we rowaçlyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter