Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

опубликованно 21.05.2017 // 886 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 25 ýyllygy bilen gutlamaga şatdyryn. Şu döwrüň içinde ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň has-da pugtalanandygyny bellemek isleýärin.

Ýurtlarymyzyň mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy we ähli ugurlardaky gatnaşyklary yzygiderli dowam etdirjekdigine berk ynanýaryn.

Size Beýik Biribardan berk jan saglyk, bagt we üstünlik dileg edýärin. Şeýle hem Siz bilen Malaýziýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge bolan tagallalarymyzyň dowam etjekdigine ynam bildirýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Dato Sri Mohd NAJIB,
Malaýziýanyň Premýer-ministri.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter