Beýik Magtymgulynyň ýadygärliginiň hormatyna | TDH
Medeniýet

Beýik Magtymgulynyň ýadygärliginiň hormatyna

опубликованно 17.05.2017 // 1016 - просмотров
 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýram edilmeginiň öň ýanynda Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka welaýatynda beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň hormatyna özboluşly binagärlik görnüşdäki ýadygärligiň açylyş dabarasy boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň öçmez-ýitmez şygyrlary, onuň ynsanperwer maksatlary we wesýetleri nusgalyk paýhas, belent ruhy-ahlak mekdebi bolup hyzmat edýär. Beýik akyldar şahyryň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan goşgulary, onuň öçmejek ganatly setirleri umumadamzat, şol sanda owgan halkynyň gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Bu ýere ýygnananlaryň pikirine görä, şu günki waka iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge hyzmat eder, olaryň halklary gadymdan gözbaş alýan doganlyk we ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly bolup, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň mizemezliginiň aýdyň mysalyna öwrüldi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter