Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat

опубликованно 16.05.2017 // 1274 - просмотров
 

Paýtagtymyzda şanly senä — Esasy Kanunymyzyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyna hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanylyp, “Türkmenistanyň Konstitusiýasy — ösüşiň hukuk binýady” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisi, Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşi tarapyndan guralan foruma milli parlamentiň deputatlary, hökümet agzalary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň, dürli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem alymlar, syýasatşynaslar, hukukçylar, jemgyýetçilik işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyp ýaşlar we okuwçylar gatnaşdylar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalyna ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny üns berip diňlediler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň çärýek asyryň dowamynda içeri we daşary syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, durmuş-ynsanperwer ugurlarda gazanan üstünliklerine ýokary baha berip, oňyn bitaraplyk ýörelgelerini öz içine alýan jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ähmiýetini nygtady.

“Türkmenistanyň Esasy Kanuny adamy jemgyýetiň we döwletiň baş gymmatlygy hökmünde yglan edip, adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kepili, Watanymyzy ösdürmäge, bagtyýar we abadan durmuşy üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady, hukuk özgertmeleriniň berk binýady bolup durýar” diýip, milli Liderimiz belledi.

Biz Konstitusiýamyzda berkidilen bitaraplyk ýörelgelerimize hemişe eýermek bilen, geljekde hem diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän hoşniýetlilik, dostluk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatymyzy gyşarnyksyz dowam etdireris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we foruma gatnaşyjylara üstünlikli işlemegi arzuw etdi.

Soňra maslahatyň umumy mejlisi geçirildi. Onuň barşynda demokratik hukuk döwletiniň ösüş ýolunda Türkmenistanyň taryhy tejribesine hem-de häzirki zaman gazananlaryna bagyşlanan çykyşlaryň we habarlaryň birnäçesi diňlenildi.

Çykyşlarda 25 ýyl mundan ozal kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň diňe bir Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen jemgyýetiniň okgunly ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitländigi bellenildi. Ol biziň garaşsyz döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, türkmen halkynyň agzybirlik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk we adalatlylyk baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny şöhlelendirýär.

Özüniň häzirki taryhy ösüş döwründe türkmen halky geçmişiň we geljegiň aýrylmaz arabaglanyşygyna göz ýetirip hem-de dünýäniň ähli ýurtlarynyň we halklarynyň sazlaşykly ösmeginiň bähbidine ýagty geljege tarap ynamly öňe gidip, ykbal çözüji başlangyçlary öňe sürýär we üstünlikli durmuşa geçirýär, şunda häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge täzeçil çemeleşýär. Häzirki wagtda ýurdumyz özüniň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanan uly üstünliklerine buýsanmaga haklydyr. Şol üstünlikler bolsa halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny goldamagy, döwletimiziň jemgyýeti hemmetaraplaýyn we düýpli özgertmek işine işjeň gatnaşmagy netijesinde gazanyldy.

Ýurdumyzyň Esasy Kanuny 25 ýylyň dowamynda özüniň esasy düzgünlerini saklap galmak bilen, şol bir wagtyň özünde çeýe hukuk guraly bolup durýar. Ol döwrüň talaplary hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary nazara alnyp kämilleşdirilýär. Ählihalk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylandan soň, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Munuň özi ýurdumyz üçin ägirt uly ähmiýetli waka boldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi ýurdumyzyň hem-de dünýäniň döwlet gurluşynyň iň gowy tejribesini, däp bolan milli hem-de umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemläp, raýatlarymyzyň hal- ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen durmuş ugurly syýasaty amala aşyrýan demokratik, hukuk we dünýewi döwleti mundan beýläk-de gurmagyň möhüm wezipelerini kesgitledi.

Günüň ikinji ýarymynda maslahatyň işi dört bölümleýin mejlisleriň çäklerinde dowam etdirildi. Olar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Konstitusiýa binasynyň maslahatlar zalynda geçirildi. Bölümlerdäki mejlisleriň mowzuklary “Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşiň häzirki tapgyry: konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti”, “Adamyň we raýatyň hukuklaryny amala aşyrmagyň konstitusion-hukuk esaslary”, “Türkmenistan we halkara bileleşik: hyzmatdaşlygyň ösüşi, halkara-hukuk esaslary we mümkinçilikleri”, “Jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki döwründe döwletiň ýaşlar syýasatyny amala aşyrmagyň konstitusion-hukuk kepillikleri” diýlip atlandyryldy.

Bilim ulgamyny ösdürmekde, döwlet ideologiýasyny, syýasy köpdürlüligi hem-de köppartiýalylygy kemala getirmekde Esasy Kanunyň ornuny beýan edýän çykyşlar hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady strategiýanyň we ylmy-tehniki syýasatyň esasy meseleleri ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara, şol sanda häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýeti tapgyrlaýyn bazar gatnaşyklaryna geçirmäge, kiçi we orta telekeçiligi, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmäge degişli üýtgetmelere we goşmaçalara giňişleýin syn berildi.

Nygtalyşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny gurşap alan toplumlaýyn we giň möçberli özgertmeler Türkmenistanyň geosyýasy, ykdysady, serişdeler we adam kuwwatyny açyp görkezmäge hem-de olardan has netijeli peýdalanmaga ýardam edýär. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, innowasion esasda sebitleri senagatlaşdyrmaga, telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen birlikde, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly pudagyň ösdürilmegi, ösen ulag we maglumat-kommunikasiýa düzüminiň döredilmegi bilen birlikde, okgunly ösüşe ýardam edýän ylym we bilim ulgamlaryna ep-esli maýa goýumlary gönükdirilýär. Saglygy goraýyş, medeniýet we sport durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ulgamlary bolup durýar. Olar milletiň ruhy hem-de beden taýdan kämilleşmegine ýardam edýär.

Maslahatda edilen çykyşlaryň birnäçesi şu meselä, şol sanda Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny goramak boýunça kanunçylyk binýadyna, halk çeperçilik döredijiliginiň hukuk esaslaryna, raýatlaryň saglygyny goramagyň konstitusion esaslaryna we beýleki meselelere bagyşlandy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy ýörelgesi berkidildi. Şol ýörelge bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapdy. Adamy goramak we goldamak, şeýle hem oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň ileri tutulýan wezipeleri bolup durýar. Bu möhüm konstitusion kada Konstitusiýanyň Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary baradaky bölümini özgertmegiň esasyna öwrüldi. Bu bölüm adamyň hukuklary ulgamynda halkara konwensiýalaryň kadalaryny nazara almak bilen, täze maddalar bilen ýetirildi.

Hususan-da, adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň döwlet tarapyndan goraglylygynyň kepilliklerini üpjün etmek, olary berjaý etmek maksady bilen, döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hem-de olaryň wezipeli adamlary tarapyndan adalatçynyň (ombudsmeniň) — Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesi döredildi. Adalatçynyň hukuklaryny, borçlaryny, işiniň esasy ugurlaryny we kepilliklerini hem-de ygtyýarlyklaryny kesgitleýän degişli kanun kabul edildi.

Raýat jemgyýetini ösdürmegiň, gender deňliginiň konstitusion-hukuk esaslary, raýatlaryň zähmet hukuklarynyň kanunçylyk üpjünçiligi, Türkmenistanda 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet ýaşlar syýasatynyň döwlet maksatnamasynyň möhüm meseleleri baradaky çykyşlary ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda düýpli pikir alşyldy.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň daşary syýasat doktrinasyny durmuşa geçirmegiň barşy seljerildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasynda goýlan parahatçylykly ýaşaşmak, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasyny düzmek bilen, Garaşsyz hem Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny has-da belende galdyrandygy hem-de onuň dünýä bileleşiginde ykrar edilmegini üpjün edendigi nygtaldy. Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda döwlet özygtyýarlylygynyň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamalary bilen ykrar edilen we goldanylan hemişelik bitaraplyk derejesiniň anyk beýan edilendigine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasyna we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky döwlet syýasatyna, ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlyga, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berildi.

Türkmen halkynyň häzirki wagtda täze taryhy eýýamyň beýik maksatlarynyň we ýörelgeleriniň töwereginde berk jebisleşip, ozalkysy ýaly, ata-babalarymyzyň belent ruhy däplerini aýawly saklaýandygy baradaky pikir çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy özüniň öçmez-ýitmez goşgularynda ata-babalarymyzyň agzybirlikde, parahatçylykda we ylalaşykda ýaşamak meýlini beýan etdi.

Maslahata gatnaşyjylar özünde ajaýyp seneleriň ikisini — ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününi we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi birleşdiren ajaýyp baýramçylygyň ähmiýetini belläp, 18-nji maýyň türkmenleriň köp nesilleriniň azat hem-de kuwwatly döwlet, milletiň bitewüligi we jebisligi baradaky arzuwlarynyň hasyl bolmagynyň nyşanyna öwrülendigini bellediler. Birnäçe asyr mundan ozal türkmen halkynyň — ähli döwürlerde belent ynsanperwerlik, parahatçylyk, abadançylyk we döredijilik ýörelgelerine ygrarly bolan halkyň beýik ogly özüniň egsilmez zehininiň güýji bilen hut şuňa çagyrdy. Biziň döwrümizde hem ajaýyp şahyr hem-de akyldar Magtymgulynyň ruhy wesýetleriniň we sargytlarynyň öz ähmiýetini saklap galmagy tötänden däldir. Olar, öňküsi ýaly, häzirki nesle örän ýakyndyr we düşnüklidir, çünki bu wesýetler ýagty geljegiň täze belentliklerine çagyrýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ideologiýasyna laýyk gelýär.

“Türkmenistanyň Konstitusiýasy — ösüşiň hukuk binýady” atly halkara ylmy-amaly maslahat tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter