Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahaty | TDH
Jemgyýet

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahaty

опубликованно 16.05.2017 // 1427 - просмотров
 

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen bu foruma dürli ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen toparlar gatnaşdylar.

1991-nji ýylda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işi özygtyýarly Watanymyzyň täze taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň daşary ýurtly wekilleri bilen medeni-ruhy umumylyklar, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli ösdürilip, onuň üsti baý many-mazmun bilen ýetirildi. Häzirki wagtda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi abraýly halkara gurama bolmak bilen, ykbalyň emri bilen öz taryhy Watanyndan uzaklara düşen we peder topragyna söýgüsini ýitirmedik, ruhy kökleri bilen aragatnaşyk saklaýan watandaşlarymyzyň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli wezipäni ýerine ýetirýär.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahatynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýasy binasyna gül desselerini goýdular. Soňra “Mekan” köşgünde maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Oňa hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, wekilleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň toparlaýyn agzalary, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan birleşigiň şahsy agzalary, ylym we medeniýet işgärleri, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen maslahatyň dabaraly bölümi açyldy. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda maslahata gatnaşýan wekilleri mübärekläp we ýetip gelen baýramçylyk bilen gutlap, dünýä türkmenleriniň doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjek bu maslahatyň, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döredilmeginiň 25 ýyllygyna we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan dabaralaryň olaryň Watanymyza bolan beýik söýgüsini has-da artdyrjakdygyna ynam bildirdi.

“Watansöýüjilik, dostluk, ynsanperwerlik biziň halkymyza gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan özboluşly aýratynlyklardyr. Bu asylly ýörelgämizi mynasyp dowam etdirip, biz milletimizi jebisleşdirmäge, dünýä türkmenleri bilen köpugurly gatnaşyklarymyzy giňeltmäge, ýurdumyzyň halkara syýasy, durmuş-ykdysady, medeni giňişlikdäki ornuny ýokarlandyrmaga döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn ähmiýet berýäris. Dünýä türkmenleri bilen doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da giňeldýäris, eziz doganlarymyzyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza erkin gelip-gitmegi, ýurdumyzda işlemegi we okamagy üçin olara ähli zerur goldawlary bereris” diýlip, hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda aýdylýar. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň Gutlagyny şowhunly el çarpyşmalar, “Arkadaga şöhrat!” diýen dabaraly sözler bilen garşyladylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, dünýäniň 14 döwletinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi hereket edýär. Onuň düzümine üç ýüzden gowrak toparlaýyn, ýüzlerçe şahsy agzalar, şol sanda daşary döwletlerden dört ýüze golaý agza girýär. Soňky ýyllarda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alyp barýan işiniň mazmuny we ugurlary has baýlaşdyryldy. Bilim we ylym, medeniýet hem-de sungat, telekeçilik, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlardaky gatnaşyklar işjeňleşdirildi.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli we oňyn syýasatyny, täze taryhy eýýamda ýeten derejesini, milli taryhy-medeni mirasymyzy, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlaryny wagyz etmekde möhüm orun eýeleýär.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümleri watandaşlarymyzyň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna, milletiň ruhy bitewüligine, ýurdumyzyň taryhynyň, türkmen diliniň öwrenilmegine we özygtyýarly Watanymyzyň şan-şöhratynyň beýan edilmegine gönükdirilen dürli çäreleri amala aşyrýarlar. Şu ýylda geçirilen çäreleriň köpüsi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýerlerinde bu şanly senäniň hormatyna maslahatlar, sergiler, konsertler, giň jemgyýetçiligi ýurdumyzyň täze taryhy, özygtyýarly türkmen döwletiniň daşary syýasaty, türkmen Bitaraplygynyň taryhy, syýasy, hukuk esaslary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen döredijilik duşuşyklary we beýleki çäreler geçirilýär.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahatyna gatnaşýan daşary ýurtly wekiller Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyryldy.

BAE-den, Germaniýadan, Owganystandan, Türkiýeden we Eýrandan gelen wekiller çykyşlarynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtlardaky bölümleriniň işleri barada gürrüň berdiler. Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň ykdysady taýdan galkynmagyna, ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna bu doganlyk döwletde durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna ýardam hem-de goldaw berýändigi bellenildi.

Şeýle hem çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag, energetika ulgamlarynda öňe sürýän iri halkara taslamalarynyň beýleki ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýändigini bellediler.

Dünýä türkmenleriniň beýik şahyr, akyldar Magtymgulynyň döredijiligine yzygiderli gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, şu mynasybetli dürli çäreleriň guralýandygy aýdyldy. Ýurdumyzda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görýän Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki derejesiniň wagyz egilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Maslahata gatnaşyjylar daşary ýurtly watandaşlar hakynda, hakykatdan-da, atalyk aladasyny edýän döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Olaryň mähriban Watanymyzyň ýeten derejesine, gadymy pederleriň ýurdunda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň we ählumumy ösüşiň bähbidine üýtgewsiz ygrarly bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň barha ýokarlanýan halkara abraýyna buýsanjy çäksizdir.

Watanymyza we Arkadag Prezidentimize bagyşlanan goşgularda maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň mähriban topraga bolan buýsanç duýgulary öz beýanyny tapdy.

Şeýle hem maslahatyň gün tertibine guramaçylyk meseleleri girizildi. Hususan-da, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wise-prezidenti G.Nepesow, başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşadyldy we onuň ornuna R.Bazarow saýlanyldy.

Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işjeň agzalaryny, birleşigiň daşary ýurtlardaky has tapawutlanan şahsy agzalaryny we onuň welaýat bölümlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Maslahatyň işi tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler we milli Liderimizi şanly baýram bilen gutladylar hem-de döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmeginiň we onuň halkara abraýynyň ýokarlanmagynyň, milletiň ruhy taýdan galkynmagynyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz zähmeti hem-de daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň işine yzygiderli üns berýändigi üçin hoşallyk bildirdiler.

Soňra ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Garaşsyz Watanymyzy, türkmen halkynyň Arkadagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işlerini, mähriban topragymyzyň gözelligini wasp edýän aýdym-sazlar belent we dabaraly ýaňlandy. Şeýle hem beýik Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen aýdymlar ýerine ýetirildi.

“Mekan” köşgüniň eýwanynda, şeýle hem mejlisler zalynyň girelgesiniň öňünde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda paýtagtymyzyň muzeýleriniň gymmatlyklary, milli lybaslaryň nusgalary, saz gurallary, zergärleriň ajaýyp işleri, halylar we haly önümleri, nakgaşlyk eserleri görkezildi. Şeýle hem bu ýerde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň döreden işleri görkezildi. Serginiň gymmatlyklary türkmen halkynyň taryhy, däp-dessurlary, täze eýýamda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen özboluşly sungaty, ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi barada gürrüň berýär.

Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy häzirki zaman neşirýat önümleriniň diwarlygyny görkezdi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerine möhüm orun berlipdir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter