Türkmenistanyň medeniýet ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bellenildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň medeniýet ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bellenildi

опубликованно 15.05.2017 // 1626 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wezipä bellemek hakynda birnäçe resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutanynyň Permany bilen Gülşat Orazmuhammedowa Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Atageldi Aşyrowiç Şamyradowyň üstüne ýüklenildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Dawut Saparmämmedowiç Orazsähedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň direktory wezipesine bellenildi. Annagurban Aşyrow pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň direktory wezipesinden boşadyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter