Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynyň guramaçylykly geçirilendigi üçin hoşallyk bildirdi | TDH
Sport

Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynyň guramaçylykly geçirilendigi üçin hoşallyk bildirdi

опубликованно 15.05.2017 // 971 - просмотров
 

Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň hormatly agzasy Doktor Tamash Aýanyň gutlag hatynda şeýle diýilýär: Agyr atletika boýunça 2017-nji ýylyň Aziýa çempionatynyň ajaýyp guralandygy hem-de Aşgabat şäherinde görkezilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Men Türkmenistanyň paýtagtynyň gözelligine hem-de Aşgabat şäheriniň Olimpiýa toplumynyň ajaýyplygyna diýseň guwandym.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem üstünlikli sport çäresine öwrüljekdigine ynanýaryn. Agyr atletikaçy türgenleriň ýakyn wagtda Agyr atletika boýunça halkara federasiýanyň çärelerine gatnaşmak üçin ýene-de Aşgabada hem-de Olimpiýa toplumyna barjakdygyna umyt edýärin.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter