Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti Halid B.Al Sabah Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna hat iberdi | TDH
Syýasat habarlary

Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti Halid B.Al Sabah Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna hat iberdi

опубликованно 12.05.2017 // 875 - просмотров
 

Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti
Halid B.Al Sabah Türkmenistanyň Prezidenti, V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi

Hatda Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň adyndan Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 24-28-nji aprelinde geçirilen suwda gysga aralyga ýüzmek boýunça Merkezi Aziýanyň birinji ýaryşynyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär. Bellenilişi ýaly, ýaryşa Owganystandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Täjigistandan gatnaşan toparlar mähirli myhmansöýerlik bilen gurşalyp alyndy.

Hatda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň toplumy ýaly täsin sport düzümini döretmekde, sporty ösdürmekde hem-de ýurduň ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde uly üstünlikler gazanylandygy, Türkmenistanyň paýtagtynyň ajaýyp keşbiniň haýran galdyrýandygy nygtalýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter