Türkmen mekdep okuwçylary Makedoniýada geçirilen matematika Olimpiadasynda bäş medala eýe boldular | TDH
Jemgyýet

Türkmen mekdep okuwçylary Makedoniýada geçirilen matematika Olimpiadasynda bäş medala eýe boldular

опубликованно 10.05.2017 // 1489 - просмотров
 

Türkmenistanyň topary Makedoniýanyň Orhidw şäherinde matematika boýunça 34-nji Halkara Balkan ýaryşlarynda bäş medala mynasyp boldular. Ders bäsleşigine 19 döwletden 20 topar – jemi 116 zehinli mekdep okuwçylary gatnaşdy.

Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep – internatynyň 10-njy synp okuwçylary Jepbar Asgarow we Akmyrat Tirkeşow bürünç medallara, Aşgabadyň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwrenilýän 57-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçylary Resul Mämiýew, Rahman Agamyradow we Agamyrat Begenjow hem bürünç medallara eýe boldular.

Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky aýratyn zehinli çagalar döwlet mekdep-internatynyň matematika mugallymy Arslan Hojyýew biziň toparymyza ýolbaşçylyk etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter