Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar | TDH
Jemgyýet

Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar

опубликованно 09.05.2017 // 1194 - просмотров
 

Türkmenistanda Ýeňiş gününiň 72 ýyllygy giňden bellenilýär. Parahatçylykly ýaşaşmaga çagyrýan, hoşniýetli erkiň, ynsanperwerligiň, halklaryň arasyndaky dostlugyň alamaty bolan bu sene milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýär. Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli obalarynda we şäherlerinde, asylly däbe görä, gazaply jeňlerde wepat bolan edermen gahrymanlaryň sarpasy belent tutulyp, weteranlar aýratyn hormat-sarpa bilen gurşalýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna iberen baýramçylyk Gutlagynda “1941—1945-nji ýyllar ynsan kowmunyň parahat durmuşyna, adamzadyň mukaddes gymmatlyklaryna, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň ösüşine öwezini dolup bolmajak zyýan ýetiren, XX asyryň örän pajygaly, agyr hem-de gowgaly döwri hökmünde taryhy girdi. Türkmenistanyň halky hem bu gazaply döwürde doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşy, bütin adamzadyň azatlygy ugrundaky adalatly we barlyşyksyz göreşe jebisleşip, ikinji jahan urşunyň ýyl ýazgysyna gaýduwsyz edermenligiň, batyrlygyň, watançylyk borjuna wepalylygyň ajaýyp sahypalaryny ýazdylar...” diýip bellenilýär.

Häzirki döwürde Ýeňiş güni ýurdumyzda aýratyn dabaraly ýagdaýda bellenilýär hem-de nesilleriň üznüksiz baglanyşygyny, türkmen halkynyň parahatçylyk we ylalaşyk, ynsanperwerlik hem-de döredijilik ugruna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Şanly senäniň öň ýanynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda uly ýaşly nesliň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi, sergiler, edebiýat agşamlary, dürli bäsleşikler guraldy. Gazaply kyrkynjy ýyllaryň uruş weteranlaryna, şeýle hem tylyň zähmetkeşlerine we esgerleriň ýanýoldaşlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

...Ir bilen asylly däbe görä, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň ýanynda köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary dünýäniň ähli halklarynyň häzirki hem-de geljekki nesilleriniň röwşen durmuşy ugrunda söweş meýdanlarynda wepat bolanlary ýatlamak üçin ýygnandylar. Ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada weteranlar bilen egin-egne berip, ýaş esgerler hem durlar, olar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň serhetlerini we Watanymyzyň asuda asmanyny mynasyp goraýarlar.

Ýurdumyzyň her bir raýaty üçin Watan goragy mukaddesdir. Biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda öz janyny gurban edip, asuda we parahat durmuşy saklap galdylar, 1418 gije-gündize çeken söweşleriň sahypasyna şöhratly atlaryny ýazdylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar, onuň şöhratly durmuş ýoly ýaş nesil üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we gahrymançylygyň aýdyň nusgasydyr.

1941—1945-nji ýyllaryň urşunda ildeşlerimiziň müňlerçesi deňi-taýy bolmadyk mertlik, harby borja, Watana wepalylyk görkezdiler. Watanymyzyň erkinligini hem-de garaşsyzlygyny goran edermen we gaýduwsyz esgerler baradaky şöhrat halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy, milli gahrymanlaryň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” ýadygärlik kitaplarynda edebileşdirildi.

Gazaply kyrkynjy ýyllar hoşniýetliligiň we ynsanperwerligiň esasy ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny aýdyň görkezdi, olar türkmen halkynyň döredijilik gujurynyň çäksizligini alamatlandyrdy. “Hemme zat front üçin, hemme zat Ýeňiş üçin” diýen ählihalk şygaryna eýerip, urşuň yzynda galan türkmenistanlylar gije-gündiz diýen ýaly işläp, zähmetini gaýgyrman Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşdular. Türkmen zenanlary goranyş gaznasyna 7392 kilogram altyn we kümüş şaý-seplerini tabşyrdylar. Tylda zähmet çekenleriň 130 müňden gowragy 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda edermenlikli zähmeti üçin medal bilen sylaglanyldy.

Ýyllar geçýär, emma häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda Ýer ýüzünde asuda asmanyň we parahat durmuşyň hatyrasyna başyny goýan millionlarça adamyň gahrymançylygy, adamzadyň paýyna düşen gazaply synaglar we jebri-jepalar, görkezilen edermenlik, batyrlyk, gaýduwsyzlyk hakyndaky hakyda hemişelik saklanar. Biziň atalarymyzyň geçen gahrymançylykly durmuş ýoly watançylygyň, mähriban topraga wepalylygyň hem-de mukaddes Watana gulluk etmegiň mekdebidir.

Uly ýaşly nesliň mynasyp durmuşyny üpjün etmek alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen uruş weteranlaryna, tylyň zähmetkeşlerine we esgerleriň ýanýoldaşlaryna berilýän ýeňillikleriň netijesinde olaryň ýaşaýyş üçin ähli şertler döredilendir.

Milli Liderimiziň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, köklerini müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halky çagalary terbiýelemekde ata-babalarymyzyň wesýetlerine ygrarlylygy esasy ýörelge edinýär hem-de asyrlaryň tejribesini baýlaşdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda gazaply synaglardan geçen ýaşuly nesliň ägirt uly tagallalary, olaryň nusgalyk göreldesi, Watana wepalylygy, öňden görüjiligi, milli däp-dessurlara sarpa goýmaklary aýratyn bellenilýär, olar terbiýeçiligiň özboluşly mekdebini kemala getirdiler.

Milli Liderimiziň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasy ugry netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan tutuş Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň mizemez sütüni bolup durýar, munuň özi ýurdumyza belent halkara abraýyny getirdi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän parahatçylyk söýüjilikli, açyk we oňyn halkara hyzmatdaşlygy türkmen halkynyň doly we biragyzdan goldawyna, şeýle hem dünýä bileleşiginiň giň ykrarnamasyna eýe bolýar. Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdiniň işlenip taýýarlanylmagyna yzygiderli gatnaşýar, bütin adamzadyň bähbidine oňyn halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik we döredijilikli ýörelgelerine daýanýan döwlet syýasatynyň üstünlige beslenýändigini alamatlandyrýar ägirt uly özgertmeler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzyň ak mermerli binalary, obalarymyzyň we şäherlerimiziň okgunly özgerýän keşbi, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, häzirki zaman mekdepler, saglyk we medeniýet merkezleri, sport desgalary, senagat kärhanalary— bularyň ählisi 1941—1945-nji ýyllaryň milli gahrymanlarynyň — ildeşlerimiziň ýagty ýadygärligine minnetdar nesilleriň goýýan belent sarpasydyr.

...«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň meýdançasynda 1941—1945-njy ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara çuňňur sarpanyň nyşany hökmünde uruş weteranlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem zähmet toparlarynyň köp sanly wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary “Baky şöhrat” ýadygärliginiň etegine gül desselerini goýýarlar, olaryň hatarynda uruş gahrymanlarynyň — biziň şöhratly ildeşlerimiziň ogullary we gyzlary, agtyklary we çowluklary bar.

Az salymyň içinde ýadygärligiň etegini al-elwan gül çemenleri doldurýar.

72 ýyl geçen hem bolsa şol ýyllaryň gahrymançylykly sahypalary biziň kalplarymyzda hemişe ýaşaýar, öz watandaşlarymyza buýsanç duýgusyny döredýär, biz olaryň öçmejek şöhratynyň öňünde baş egýäris. Häzirki nesil türkmen halkynyň gahryman ogullarynyň öňünde hemişe borçludyr, diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Öz janyny pida edip, köp garaşdyran Ýeňşi getiren milli gahrymanlarymyza tagzym edýäris! Biz azat durmuş ugrunda gazaply söweşlerde gaýduwsyzlyk,batyrgaýlyk we edermenlik görkezen esgerleriň, şeýle hem Ýeňşe uly goşant goşan tyl zähmetkeşleriniň hatyrasyny hemişe belent tutarys. Biziň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşymyz üçin olara baky şöhrat!

...Şu gün Türkmenistanyň ähli obalarynda we şäherlerinde şanly sene — Beýik Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli dabaraly gül goýmak çäreleri geçirildi we däp bolan sadakalar berildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter