Türkmenistanyň wekiliýeti milli edebiýatymyzyň nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgähine zyýarat eder | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň wekiliýeti milli edebiýatymyzyň nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgähine zyýarat eder

опубликованно 05.05.2017 // 1047 - просмотров
 

Türkmenistanyň wekiliýeti 12-14-nji maýda Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň Eýran Yslam Respublikasynda ýerleşýän aramgähine zyýaraty amala aşyrar. Bu çäre Konstitusiýa gününe we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanýar.

Şu ýyl zyýarat etmek üçin jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden, döredijilik işgärlerinden, alymlardan, bilim we habar beriş serişdeleri ulgamynyň işgärlerinden, hormatly ýaşululardan ybarat bolan wekiliýeti dostlukly ýurda ibermek meýilleşdirilýär.

12-nji maýda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýine baryp görmek, 13-nji maýda Eýran Yslam Respublikasynda beýik akyldar şahyrlaryň aramgähine milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, aýat-töwir okamak göz öňünde tutulýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter