Türkmenistanda ýene-de iki şypahana gurlar | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanda ýene-de iki şypahana gurlar

опубликованно 05.05.2017 // 992 - просмотров
 

Türkmenistanda - Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň çäklerinde ýene-de döwrebap şypahanalaryň ikisi gurlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisinde degişli tabşyryklary berip, Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylandygyny belledi.

Türkmenistanda “Saglyk” döwlet maksatnamasy, Türkmenistanyň şypahana gulluklaryny ösdürmek boýunça milli maksatnamasy we beýlekiler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Baýramaly, Mollagara, Arçman, Ýylysuw we Farap şypahanalary ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde hem uly meşhurlykdan peýdalanýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter