Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “EKSPO-2017-de” häzirki Türkmenistanyň aýdyň keşbini döretmek gerek | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “EKSPO-2017-de” häzirki Türkmenistanyň aýdyň keşbini döretmek gerek

опубликованно 05.05.2017 // 1103 - просмотров
 

Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 10-njy iýun – 10-njy sentýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçiriljek “EKSPO-2017” ýöriteleşdirilen halkara sergisinde türkmen ekspozisiýasyny taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen Lideri mejlisde milli ekspozisiýanyň şygary hökmünde hödürlenen birnäçe görnüşlere garap, “Tebigat-energiýanyň tükeniksiz çeşmesi” diýen şygary hem-de nyşanlaryň görnüşleriniň birini makullady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara sergisine gatnaşmagynyň esasy maksadynyň diňe forumyň esasy mowzugy -- “Geljegiň energiýasy” diýen mowzugy şöhlelendirmek däl-de, eýsem, “EKSPO-2017”-de Türkmenistanyň aýdyň, täsirli keşbini döretmekden ybaratdygyny belledi.

29-njy iýunda «EKSPO-2017»-de çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününi geçirmek göz öňünde tutulýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter