Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasyna baryp gördi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasyna baryp gördi

опубликованно 05.05.2017 // 890 - просмотров
 

Türkmenistanyň wekiliýeti iş sapary bilen Owganystan Yslam Respublikasyna baryp gördi we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Muhammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi.

Muhammad Aşraf Gani owgan döwletiniň doganlyk Türkmenistan bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidentine Owganystan üçin möhüm bolan düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işleri üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem Kabulda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň başga-da birnäçesi, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministri, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-owgan hökümetara toparynyň owgan tarapyndan başlygy Eklil Hakimi hem-de Owganystanyň Ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy Abdulla Abdulla bilen duşuşyklar geçirildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter