Aşgabatda bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň mejlisi geçiriler | TDH
Ykdysadyýet

Aşgabatda bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň mejlisi geçiriler

опубликованно 05.05.2017 // 881 - просмотров
 

11-nji maýda Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 7-nji mejlisi geçiriler, onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Taraplar nemes kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan maliýe, energetika, ulag, ekologiýa, oba hojalyk, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamlarynda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garalar.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.

GFR Türkmenistanyň esasy işewür hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar we öňümizdäki duşuşyk gatnaşyklara täze itergi berer, türkmen-german gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter