Hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi

опубликованно 28.04.2017 // 952 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň baştutanyndan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlerinden ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli gutlaglary kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyza halkymyzyň gözelligi we çeýeligi boýunça
deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerini dünýä beren şöhratly pederleriniň gadymy dessurlaryna bolan gatnaşygynyň oňyn görkezijisini alamatlandyrýan umumymilli baýramçylygy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny aýdyp, milli Liderimizi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisinde Türkmenistanda atçylyk sportunyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin halkara atçylyk sporty federasiýasynyň hormatly sylaglary bolan Kubogyň, medalyň we diplomyň gowşurylmagy bilen gutladylar.

Bu ýere ýygnananlar, häzirki döwürde Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça atçylygy ösdürmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini, şeýle hem Haýwanlaryň saglygyny goramak baradaky Bütindünýä guramasynyň geňeşiniň ýurdumyza atlaryň keselinden azat zolak hökmündäki statusyň berilmegini kanagatlanma bilen belläp, munuň özi Türkmenistanyň Merkezi Aziada şeýle derejä eýe bolan ýeke-täk ýurtdugyny nygtadylar. Bu çözgüt Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň we ýurdumyzyň atçylyk, weterinariýa ulgamynda gazanýan üstünlikleriniň ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Çärä gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň baýramy we bu şanly wakalar bilen gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, bagt, giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenilýän hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň ýyl-ýyldan köp gatnaşmagyny üpjün edýän baýramçylygyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellede.

Dünýä bileleşiginiň behişdi bedewlerimize bolan gyzyklanmalarynyň artýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda milletiň ajaýyp mirasyny saklamak we artdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň netijesinde ady rowaýata öwrülen we türkmen halkynyň buýsanjy, “kalbynyň ganaty” bolup durýan we gymmatly baýlyk hasaplanýan bedewleriň şöhratynyň täzeden dikeldilýändigini aýtdy.

Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, döwrebap sport toplumlarynyň gurulmagy, her ýylda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda behişdi bedewleriň çeper keşbini döretmek boýunça döredijilik gözden geçirişleriň, şeýle hem halkara sergi-ýarmarkalaryň, ylmy maslahatlaryň geçirilmegi, at çapyşyklarynyň we arassa ganly bedewleriň sergi—gözden geçirilişiniň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä ýüzünde ýokarlanýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna konkuryň goşulmagy, onuň nyşanynda ahalteke bedewiniň şekiliniň ýerleşdirilmegi muňa şaýatlyk edýär.

- Men ahalteke bedewleriniň dünýä atşynaslygynyň nusgasy, örän owadan we ýyndam atlary döreden biziň zehinli seçgiçilerimiziň gaýtalanmajak sungat eseriniň janly şaýady hökmünde ykrar edilýändigine buýsanýaryn—diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. –Türkmenler atlara aýratyn gadyr goýupdyrlar. 1999-njy ýylda ahalteke bedewleriniň arasynda dünýäniň çempiony bolan Ýanardagyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ýerleşdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara mähirli gutlaglar üçin ýene bir ýola minnetdarlyk bildirip, at gazanan atşynaslara we Türkmenistanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy hem-de halkymyzy beýik ýeňişlere ruhlandyrýan ahalteke bedewleriniň abraýynyň mundan beýläk-de belende galjakdygyna ynam bildirdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter