Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumy ýokary depginlerde gurulýar | TDH
Jemgyýet

Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumy ýokary depginlerde gurulýar

опубликованно 28.04.2017 // 3096 - просмотров
 

2 müň orunlyk Jemagat hojalygy institutynyň täze binalar we desgalar toplumynyň gurluşyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylýar. Häzirki wagtda gurluşyk-gurnama işleri doly tamamlanyp, mermer bilen örtmek, enjamlary ornaşdyrmak hem-de ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Institutyň eýýäm şu ýyl işläp başlamagy göz öňünde tutulýar. Jemagat hojalygy ministrliginiň garamagyndaky täze institutda bäş fakulteti döretmek we talyplary 12 hünär ugry boýunça taýýarlamak meýilleşdirilýär. 2017-2018-nji okuw ýylynda instituta bu hünär ugry boýunça 400 talyby kabul etmek göz öňünde tutulýar. Okuwlar tölegli esasda amala aşyrylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter