Aşgabatda ýerasty ulag geçelgesi bolan täze halkalaýyn awtomobil ýoly açyldy | TDH
Jemgyýet

Aşgabatda ýerasty ulag geçelgesi bolan täze halkalaýyn awtomobil ýoly açyldy

опубликованно 28.04.2017 // 906 - просмотров
 

Aşgabatda şäheriň iri köp zolakly çatryklarynyň biri bolan “10 ýyl abadançylyk” şaýoly bilen N.Andalyp köçesiniň çatrygynda gurlan ýerasty ulag geçelgesi bolan halkalaýyn awtomobil ýolunyň açylyş dabarasy boldy.

Ýerasty geçelge şaýoluň ugry bilen uzap, ol hereketiň dowamlylygyny we daşky ýoldan gelýän awtomobil akymynyň howpsuzlygyny üpjün edýär. Bu bolsa şäheriň bu künjeginde ulag gatnawlarynyň geçirijilik ukybynyň has-da artmagyny şertlendirdi.

Paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze köprüleri we köp zolakly geçelgeleri, awtomobiller we ýolagçylar üçin ýerüsti we ýerasty geçelgeleri, oňaýly duralgalary gurmak işleri batly depginlerde dowam edýär. Munuň özi paýtagtymyzyň ýollarynda awtomobiller we ýolagçylar üçin amatly şertleriň döredilmegini üpjün edip, ulag ýollarynyň köpüsinde wagtyň tygşytlanmagyny şertlendirýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter