Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisine gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisine gatnaşdy

опубликованно 27.04.2017 // 1115 - просмотров
 

Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisi geçirildi.

2010-njy ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy häzirki wagtda dürli ýurtlaryň arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek, bu tohumy kämilleşdirmek, onuň ajaýyp tohumçylyk we sport häsiýetlerini ösdürmek bilen meşgullanýan atçylarynyň özara gatnaşyklarynyň netijeli meýdançasyna öwrüldi. Assosiasiýanyň agzalarynyň ylalaşykly işi türkmen halkynyň milli baýlygy, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşandy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrmak boýunça işiň gerimini ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Assosiasiýanyň her ýyl Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän mejlislerinde onuň işiniň netijelerine hem-de hyzmatdaşlygynyň geljegi bilen baglanyşykly meselelerine garalýar. Hünärmenleriň hem-de meşhur “behişdi bedewleriň” muşdaklarynyň şeýle yzygiderli duşuşyklary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny işläp taýýarlamaga ýardam edýär, ony täze bilelikdäki taslamalar, derwaýys pikirler we işjeň duşuşyklar bilen baýlaşdyrýar.

Şu gün kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasy foruma gatnaşyjylary we myhmanlary baýramçylyk lybasynda garşylady. Döwlet Baştutanymyzy garşylamak üçin bu ýere hökümet agzalary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtlardaky hem-de ýurdumyzdaky agzalary, atçylyk pudagynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy “Oguzkent” myhmanhanasynyň öňündäki meýdança gelip saklanýar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Binanyň eýwanynda milli Liderimizi mejlise gatnaşyjylar mähirli mübärekleýärler. Bu ýerde forumyň wekilleriniň hem-de myhmanlaryň hormatly Prezidentimiz bilen bilelikde surata düşmek dabarasy boldy. Soňra hemmeler “Oguzkent” myhmanhanasynyň maslahatlar zalyna barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen topragynda—meşhur ahalteke bedewleriniň watanynda ýedinji gezek geçirilýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, ýygnananlary ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan etdi. Mejlisiň gün tertibine milli we dünýä derejesinde ahalteke atçylygyny ösdürmegiň strategiýasynyň möhüm meseleleri girizildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň esaslandyrylmagy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açdy. Häzirki wagtda assosiasiýanyň düzümine 32 döwletden 137 agza girýär. Assosiasiýanyň agzalarynyň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygy bizi buýsandyrýar. Bu biziň guramamyzyň belent abraýynyň, onuň bütin dünýäde ahalteke atşynaslygyny ösdürmek işinde eýeleýän öňdebaryjy ornunyň ykrarnamasydyr. Her ýyl Türkmenistanda ahalteke tohumly bedewlere sarpa goýýanlary, bu ulgamyň esasy ylmy hünärmenlerini, dünýäniň dürli künjeklerinden atşynaslyk telekeçiliginiň iri wekillerini ýygnaýan forumlaryň geçirilmegi dünýäde türkmen bedewlerine gyzyklanmanyň barha artýandygynyň subutnamasydyr.

Ahalteke tohumly bedewler dünýäniň medeni atşynaslygynyň gözbaşydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Onuň taryhy hem edil türkmen bedewiniň ajaýyp gözelligi ýaly gaýtalanmajak we özboluşly häsiýete eýedir. Bu pikir bilen hem, häzirki wagtda Türkmenistanda tohumlyk we sport atşynaslygyny ahalteke bedewiniň köpasyrlyk şöhratyna mynasyp iň ýokary derejä çykarmak üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi bilen ähli hünärmenler ylalaşýarlar. Şonuň üçin hem garaşsyzlyk zamanasynda ahalteke bedewi biziň Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunly gadamynyň alamatyna, milli mirasyň dowamatlylygynyň, türkmen halkynyň döredijilik ylhamynyň ajaýyp beýanyna öwrüldi.

Biziň ganatly bedewlerimiz milli we dünýä medeniýetiniň taryhy ähmiýetli gudraty bolmagynda galmak bilen, ýurdumyzyň üstünlikleriniň nyşanyna, ata-babalarymyzyň hasyl bolan arzuwlarynyň alamatyna öwrüldi. Ahalteke atşynaslygynyň ösdürilmegi Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan derejesine çykaryldy. Atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň we at üstündäki milli oýunlaryň dürli görnüşlerini wagyz etmek boýunça çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda bina edilen ajaýyp atçylyk-sport toplumlary bu ägirt uly işleriň aýdyň netijesidir. Mysal üçin, Aşgabat atçylyk-sport toplumynyň ýanynda ýapyk manežli okuw merkezi açyldy, bu ýerde atçylyk sportunyň at çapyşygy, marafon, konkur we beýleki görnüşleri boýunça türgenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Merkez multimediýa tehnikasy, stimulýatorlar — at modulýatorlary hem-de çapyksuwarlar üçin türgenleşik enjamlary bilen üpjün edilendir. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Aba Annaýew obasynda 600 baş ahalteke bedewini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen häzirki zaman atçylyk zawod toplumy, atşynaslar üçin abadanlaşdyrylan şäherçe guruldy, iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan, ähli halkara talaplaryna laýyk gelýän okuw-usulyýet we karantin-weterinariýa merkezleri döredildi.

Döwlet Baştutanymyz atçylyk ulgamynda bilim maksatnamalaryna ünsi çekip, häzirki wagtda ýurdumyzda eýýam ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde degişli nazaryýet taýýarlygy geçirilýändigini belledi. Atşynaslyk ulgamyna degişli täze hünär ugurlary Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Milli sport we syýahatçylyk institutynda açyldy. Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa estrada we sirk artistleri taýýarlanylýar. Ahalteke bedewleriniň arassa ganly tohumynyň aýawly saklanylmagyna, olaryň dünýä atçylyk sporty ulgamyna ýakyndan goşulyşmagyna, ahalteke bedewleriniň beýleki tohumly atlar bilen sport ýaryşlarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem bu ulgamda halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine gönükdirilen ýöriteleşdirilen ylmy barlaglar we uly işler geçirilýär.

Muňa türkmen wekiliýetleriniň iri halkara atly sport ýaryşlaryna üstünlikli gatnaşýandyklary hem şaýatlyk edýär. Milli Liderimiz “Galkynyş” at üstündäki milli oýunlar toparynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda ajaýyp üstünliklere beslenen çykyşlaryny mysal getirdi, bu topar ýokary sylaglara mynasyp bolup, tomaşaçylary we hünärmenleri haýran galdyrdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan neşir edilýän “Behişdi ahalteke atlary” atly bezegli ýöriteleşdirilen žurnal, şeýle hem ählumumy Internet ulgamynda şeýle at bilen açylan Döwlet habarlar agentliginiň web-saýty dünýäde ýurdumyzyň atşynaslyk sungatynyň giňden wagyz edilmegine ýardam berýär.

Biz geljekde hem hemmeleri özüniň taýsyz gözelligi bilen haýran galdyrýan, dünýäniň genji-hazynasyna öwrülen tohum ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, olaryň dowamatlylygyny saklamak hem-de ata-babalarymyzyň iň oňat atşynaslyk ýörelgelerini ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga çekmek, bu ajaýyp bedewlere belent söýgi duýgusyny terbiýelemek boýunça ähli zerur işleri geçireris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryna ýüzlenip, guramanyň öňünde durýan esasy wezipeleri belledi.

Ilkinji nobatda, bu wezipeler dünýäde ahalteke bedewlerini wagyz etmegiň täze usullaryny gözlemekden, şeýle hem ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan ähli ýurtlarda arassa ganly atlaryň sanawynyň alnyp barlyşyna gözegçiligi üpjün etmekden ybaratdyr. Halkara atçylyk sporty boýunça ýaryşlary guramak, halkara atşynaslyk guramalary bilen tejribeleri alyşmak arkaly hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, ahalteke bedewleriniň genetiki fonduny aýawly gorap saklamak meseleleri hem şol wezipelere degişlidir.

Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleriniň gelip çykyşynyň gadymy kökleri barada aýtmak bilen, biz olaryň belli bir çäklerde ösdürilip ýetişdirilendigini hem-de kämilleşdirilendigini nazarda tutýarys, türkmen halkynyň durmuşynyň barha özgerýän şertlerinde bu atlaryň kemala gelmeginde gutulgysyz üýtgeýişleriň boljakdygyny göz öňünde tutýarys, halkymyzyň ykbaly bu ajaýyp bedewleriň ykbaly bilen hemişe aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, biziň wezipämiz Türkmenistanda atçylyk sportunyň ösdürilmegine mundan beýläk hem dürli ýurtlardan tejribeli hünärmenleri, öz işini söýýän adamlary giňden çekmekden, olaryň türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.

Bedewleri ösdürip ýetişdirmek, geçirilýän ýaryşlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri has-de güýçlendirmek üçin atlary sport ýaryşlaryna gatnaşdyrmak ýoly bilen, olary synamagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagyny zerur hasaplaýarys. Şu maksatlar üçin biz ýurdumyzda uzak aralyklara halkara atçapyşyklaryny — atly marafonlary, şeýle hem päsgelçiliklerden geçmek—konkur boýunça ýaryşlary guramak barada başlangyçlar bilen çykyş etdik. Geljekde biz şeýle ýaryşlary yzygiderli esasda geçirmegi maksat edinýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna konkur boýunça ýaryşlar ilkinji gezek girizildi. Döwlet Baştutanymyz şunuň ýaly halkara ýaryşlarynyň geçirilmeginiň milli atçylyk sportunyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, ýygnananlary bu ägirt uly sport baýramçylygyna gatnaşmaga çagyrdy.

Ýokary derejeli tälimçileri we çapyksuwarlary taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, biz geljekde hem bu ugurda ylmy-barlag işlerini alyp bararys, sport-tehniki çäreleri geçireris hem-de türkmen atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak üçin beýleki netijeli işleri amala aşyrarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Biziň baş maksadymyz üýtgewsizligine galýar — atçylyk sportuny ösdürmek bilen beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdireris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Bize bu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek bilen ägirt uly işleri durmuşa geçirmek wezipesi garaşýar. Emma eýýam häzir türkmen atçylyk sporty dünýä rekordlaryny goýmagyň ýolunda uly üstünlikler gazanýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu ýerde gürrüň diňe bir türkmen atçylyk sporty däl-de, eýsem, atlara baş öwretmek we tälim bermek ýaly gadymy milli ýörelgeler barada gidýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Biziň milli atçylyk sungatymyzda bu ýörelgelere diňe bir atlara tälim bermek usulyýeti babatynda däl-de, eýsem, bedewi we ynsany terbiýelemegiň ýörelgeleriniň özara baglanyşygy hökmünde garalýar.

Türkmenler adamzada diňe bir ahalteke bedewlerini däl-de, beýik sungat eserlerine öwrülen, seçgiçilik-tohum işleri bilen meşgullanýan halk seýislerini peşgeş berdi. Olar bu ajaýyp atlaryň tohumynyň arassalygyny hem-de olaryň ajaýyp häsiýetlerini saklap galmagy başardylar, bu aýratynlyklar aýlawlarda geçirilýän sport bäsleşikleri mahalynda ýüze çykýar, atlaryň tohum hilini gowulandyrmak boýunça seçgiçilik-tohumçylyk işleri geçirilýän wagtynda hem köp gezek tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň şu günki mejlisiniň atşynaslyk meseleleri bilen meşgullanýan hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri açjakdygyna, munuň bolsa bütin dünýäde ahalteke bedewleriniň ykbalyna oňyn täsirini ýetirjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy foruma gatnaşyjylar we myhmanlar tarapyndan uly üns bilen diňlenildi we şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra daşary ýurtly atşynaslara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky” Perman okalýar. Dabaraly ýagdaýda, mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly raýatlara sylaglary gowşurýar.

Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Blanka de Toledo Loma Osorio, Fransiýa Respublikasynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Eloize Anemon Flawia Žirardi, Özbegistan Respublikasynyň raýaty, hususy atşynas Bakturdi Ibadullaýew döwlet Baştutanymyzdan ýokary sylaglary buýsanç bilen kabul edýärler.

Dabara tamamlanandan soň, milli Liderimiz sylaglara mynasyp bolanlary gutlap, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermek, olaryň genofonduny artdyrmak boýunça alyp barýan asylly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we hemmelere berk jan saglyk hem-de täze üstünlikleri arzuw etdi.

Ispaniýa Patyşalygynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti hanym Blanka de Toledo Loma Osorio özüniň zähmetine berlen ýokary baha üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Ol assosiasiýanyň ähli agzalarynyň adyndan döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady. Myhman şu günki mejlisiň barşynda bütin dünýäde ahalteke bedewlerine, türkmen atşynaslarynyň tejribesine we gazanýan üstünliklerine gyzyklanmanyň barha artýandygyny tassyklaýan subutnamalaryň has äşgär ýüze çykandygyny nygtady. Şunda ahalteke atçylygyny ösdürmäge uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy hyzmatlary örän uludyr.

“Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly adyň dakylmagy bizi bu ulgamda has-da döredijilikli hem-de netijeli işlemäge ruhlandyrdy diýip, hanym Blanka de Toledo Loma Osorio aýtdy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrmak boýunça alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, ahalteke bedewiniň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň milli baýlygy bolup durýandygyny ýene-de bir gezek nygtady. Bütin dünýäde ahalteke bedewleri özleriniň ýyndamlygy, çydamlylygy hem-de haýran galdyryjy gözelligi bilen meşhurdyr. Ahalteke bedewiniň keşbiniň şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda şekillendirilendigi tötänden däldir.

Türkmenler Aziada—2017-niň resmi şekiline öwrülen alabaýa uly hormat goýýarlar. Bu gaýduwsyz itler daşyndan haýbatly görünseler-de, olary ýakyndan tanaýan her bir adam bu itiň hoşniýetli garaýşa baha bermäge ukyply mährem ýüreginiň bardygyna oňat düşünýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy Merwiň çäginde geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň barşynda birnäçe müň ýyl mundan ozal bu ýerde alabaý itleriniň ýaşap geçendigine şaýatlyk edýän subutnamalaryň tapylandygy baradaky habaryň gelip gowşandygyny habar berdi.

Munuň özi bolsa türkmenleriň dogabitdi seçgiçiler bolmak bilen, ahalteke bedewiniň, türkmen alabaýynyň, tazy aw itiniň arassa ganly tohumlaryny ösdürip ýetişdirendigini hem-de olarda iň gowy häsiýetleri döredendigine, olaryň biziň günlerimize çenli saklap galmagy başarandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Dabara tamamlanandan soň, milli Liderimiz sylaglananlary gutlap, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny we genofonduny has-da artdyrmak boýunça alyp barýan asylly işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we hemmelere berk jan saglyk hem-de täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz pikir alyşmaga geçmegi teklip edip, isleg bildirýänleri gün tertibiniň meseleleri boýunça çykyş etmäge çagyrdy. Ilki bilen Urugwaýyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti jenap Gilýermo Lokhart söz aldy.

Jenap Lokhart ilki bilen hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza asylly başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, assosiasiýanyň her ýyl Aşgabatda geçirilýän mejlisi dünýäniň atçylyk pudagyny ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin oňat meýdança bolup hyzmat edýär.

Ahalteke bedewleri hakykatdan hem gözelligiň, ýyndamlygyň we beýleki iň ajaýyp häsiýetleriň nyşany bolup durýar diýip, Günorta Amerikanyň atşynaslarynyň wekili nygtady. 2012-nji ýylda Urugwaýda Ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi we şondan bäri onuň agzalarynyň sany, şeýle hem bu ajaýyp atlara gyzyklanma barha artýar.

Jenap Lokhart atçylygyň ösdürilmegini höweslendirmek hem-de ahalteke bedewlerini wagyz etmek boýunça giň möçberli işi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmak üçin her ýyl Türkmenistana gelmek bilen, türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ägirt uly işiň anyk netijelerini görýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Urugwaýyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidentine çuň manyly çykyşy, Türkmenistanyň adyna aýdylan mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda atçylyk babatda baý tejribe toplanylandygyny, onuň bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýändigini nygtady we Urugwaýda ahalteke atlaryny köpeltmek boýunça jenap Gilýermo Lokhartyň ýadawsyz zähmetini aýratyn belledi. Biz onuň netijelerine ýokary baha berýäris. Munuň özi bolsa atlaryň ajaýyp tohumyny – ahalteke bedewlerini Latyn Amerikasynda giňden wagyz etmäge ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Fransiýa Respublikasynyň Ahalteke atlarynyň assosiasiýasynyň prezidenti hanym Eloiza Anemon Flawia Žirardä söz berildi.

Myhman Halkara assosiasiýasynyň şu duşuşygyna gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip we forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, ahalteke bedewlerine bildirilýän gyzyklanmanyň çäginiň barha giňelýändigini nygtady. Hususan-da, häzirki wagtda Fransiýada bu täsin bedewleriň 300-e golaýy bar. Fransiýada Ýewropadaky ahalteke bedewleriniň assosiasiýalarynyň ilkinjileriniň biri döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, ahalteke bedewleriniň abraýly atçylyk ýaryşlaryna üstünlikli gatnaşýandyklary bellenildi. Olar 2014-nji ýylda Normandiýada geçirilen Bütindünýä atly sport oýunlaryna gatnaşdylar. Şol oýunlaryň çäklerinde, atçylyk sergisi guraldy, şonda ahalteke bedewleri ajaýyp şaý-sepleri bilen köpleriň ünsüni çekdi.

Siziň taýsyz tagallalaryňyz we ýadawsyz aladaňyz netijesinde dünýäniň ähli künjekleriniň atşynaslary ahalteke bedewleriniň watanyna gelip görmäge we ylmy maslahatlara, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga mümkinçilik aldylar diýip, hanym Žirardi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip aýtdy. Bu duşuşyklar, yzygiderli tejribe alşylmagy bu ulgamda işleýänleriň hemmesi üçin örän möhümdir.

Myhman çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimize Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ähli agzalary bilen bilelikde Fransiýanyň ahalteke atçylyk Assosiasiýasynyň türkmen Lideriniň oňyn başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşjakdyklaryna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary, halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýär. Biz fransuz atşynaslarynyň ahalteke atlaryny ýetişdirmek boýunça baý tejribesine ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu tejribäni, iri halkara atçylyk sport ýaryşlaryny geçirmek üçin şertleri öwrenmegiň ýurdumyzyň atçylygynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2012-nji ýylda Fransiýa Respublikasyna bolan saparynyň barşynda ýokary derejede enjamlaşdyrylan atçylyk sport toplumyna we “Lonşan” aýlawyna baryp görendigini ýatlady. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde geçirilýän meşhur “Ark de Triumf” at çapyşyklaryna ilkinji gezek türkmen çapyksuwary hem gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň atçylyk işewürliginiň wekillerine mähirli sözleri we çuň manyly çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz tarapyndan Türkmenistanyň mundan beýläk hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalarynyň işini mundan beýläk hem işjeň goldajakdygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu ugurda geçirilýän işler türkmen halkynyň baý mirasyna söýginiň we hormatyň aýdyň mysaly hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga saldamly goşant bolar.

Çykyş etmek üçin Halkara epizootika býurosynyň (HEB) Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory Kazimiras Lukauskasa söz berilýär.

Mälim bolşy ýaly, ştab-kwartirasy Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde ýerleşýän Halkara epizootika býurosy köpden bäri işläp gelýän hem-de abraýly hökümetara guramalaryň biridir. Ol bütin dünýäde haýwanlaryň saglygyny goramaga jogap berýär. 1924-nji ýylda döredilen bu gurama özüne 170-den gowrak döwleti birleşdirýär, onuň dünýäniň ähli yklymlarynda sebit bölümleri hereket edýär.

Çykyşynyň başynda jenap Lukaustos HEB-iň ýolbaşçylarynyň, bu guramanyň baş direktorynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Myhmanyň belleýşi ýaly, Halkara epizootika býurosynyň esasy wezipeleriniň biri halkara standartlaryna laýyklykda, milli weterinariýa gulluklarynyň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. HEB 267 merkezi özüne birleşdirmek bilen, dünýäniň ähli döwletlerinde epizootiki ýagdaý barada doly maglumatlara eýedir. Türkmenistan bilen hem netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu ýerde HEB-iň bilermenleri tarapyndan ýurduň weterinariýa gullugynyň işini öwrenmek boýunça uly işler geçirildi, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, tehniki üpjünçiligi boýunça degişli maslahatlar işlenip taýýarlanyldy. Haýwanlarda döräp biläýjek keselleri ýüze çykarmak maksady bilen, giň barlaglary geçirmek üçin häzirki zaman usullary ornaşdyryldy.

Howanyň üýtgemegi, globallaşmak we beýleki dürli ýagdaýlar – bularyň ählisi epizootiýalaryň ýüze çykmagynyň, täze wirus we bakteriologiýa keselleriniň peýda bolmagynyň howpuny artdyrýar. Bu kesellere garşy göreşmäge ukyply weterinariýa ulgamynyň netijeli hereket etmegi bu howpuň öňüni almaga ýardam eder.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Lukauskas Türkmenistanda atlaryň kesellerinden azat zolagyň döredilendigini kanagatlanma bilen belledi. Bu ýagdaý HEB tarapyndan şu ýylyň mart aýynda, ýagny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda resmi taýdan tassyklanyldy. Biziň guramamyz atlaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek we olaryň kesellerine garşy göreşmek ulgamyny ýola goýmak babatda ýurtda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belleýär diýip, myhman aýtdy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň çäginde atlaryň bolmagy HEB-iň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri tarapyndan tassyklanan şahsy sertifikatyň bolmagy bilen utgaşdyrylmalydyr.

Jenap Lukauskas Türkmenistanyň atlaryň kesellerinden azat zolagyň statusyna eýe bolan Merkezi Aziýada ýeke-täk ýurtdugyny nygtap, ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli güwänamany gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyz jenap Lukauskasa we onuň üsti bilen Haýwanlaryň saglygyny goramak baradaky Bütindünýä guramasynyň ýolbaşçy geňeşine atlaryň kesellerinden azat zolak hökmünde Türkmenistanyň derejesini tassyklaýan güwänamanyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz bu güwänamanyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde atçylyk sport oýunlaryny geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belläp, ýurdumyzyň atçylaryny hem-de dünýäniň atşynaslaryny bu uly üstünlik bilen gutlady.

Bu çözgüt Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň subutnamasy, ynamyň nyşany hem-de atçylyk we weterinariýa ulgamynda uly üstünlikleriniň ykrarnamasy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ýurdumyzda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli däplerini wagyz etmek boýunça maksadalaýyk çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Biz ýurdumyza öňümizdäki uly oýunlary geçirmek hukugyny beren Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ynamyna buýsanýarys. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň iň ýokary derejede geçirilmegi, ýaryşlara gatnaşyjylaryň ählisiniň türkmen topragynda halkymyzyň myhmansöýerligini we hoşmeýilliligini duýmagy üçin ähli tagallalary ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Soňra mejlisde çykyş etmek üçin Halkara atçylyk sport federasiýasynyň prezidenti (Federation Equestre Internationale, FEI) jenap Ingmar De Wosa söz berildi.

Ştab-kwartirasy Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde ýerleşýän FEI at çapyşyklary, päsgelçiliklerden geçmek we atçylyk sportunyň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary guramak babatda bitewi abraýly gurama bolup durýar. 1921-nji ýylda döredilen bu gurama häzirki wagtda milli federasiýalaryň 130-dan gowragyny birleşdirýär.

Jenap Ingmar De Wos ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistana şu saparynyň Halkara atçylyk sport federasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde ilkinji saparydygyny belledi. Bu sapar Türkmenistanyň şu gurama agzalygynyň 20 ýyllygy bilen hem gabat gelýär.

Meniň bu ajaýyp ýurda ilkinji saparymdyr, bu ýerde maňa bildirilen myhmansöýerlige örän şatdyryn diýip, FEI-niň baştutany aýtdy.

Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän ahalteke bedewi hakykatdan hem dünýädäki iň owadan we iň ýyndam atdyr diýip, myhman aýtdy we atçylygy ösdürmek maksady bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly işler barada ýakyndan tanyşmak mümkinçiligine hoşallyk bildirdi.

Atlar geçmişde möhüm orun eýeläpdir, geljekde hem olaryň wajyp orun eýelejekdigi şübhesizdir, çünki olar siwilizasiýanyň emele gelmeginde we ösüşinde saldamly orun eýelediler, adamzadyň öňe gitmegine itergi berdiler. Ahalteke bedewleriniň bilermeni däldirin, ýöne assosiasiýanyň şu günki mejlisine gatnaşýan beýleki adamlar ýaly, men atlaryň uly muşdagydyryn diýip, FEI-niň ýolbaşçysy aýtdy.

Myhman foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, atçylyk sportuna, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga ägirt uly maýa serişdeleriniň gönükdirilmegi netijesinde Türkmenistan häzirki wagtda sebitde we dünýäde atçylyk sportuny wagyz etmekde möhüm orun eýeleýär diýip belledi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu işde uly hyzmatlaryny, bu ulgamy ýakyndan goldaýandygyny, dürli döwletleriň atçylyk sport guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýändigini nygtady.

FEI-niň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, ýurdumyzda atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa toplumynyň gurulmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, jenap De Wos hormatly Prezidentimize konkur boýunça ýaryşlaryň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizmek baradaky başlangyjy öňe sürendigi üçin hoşallyk bildirdi.

FEI-niň baştutany milli Liderimiziň ahalteke bedewleriniň abraýyny ýokarlandyrmakda, türkmen atçylyk sportuny halkara giňişligine çykarmakda uly goşandyny ýene-de bir gezek belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara atçylyk sport federasiýasynyň hormatly sylagynyň gowşurylýandygyny aýtdy.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyza Türkmenistanda atçylyk sportuny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin FEI-niň Kubogy, medaly we diplomy gowşurylýar.

Milli Liderimiz Halkara atçylyk sport federasiýasynyň prezidentine Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylagy ähli türkmen halkynyň, ahalteke bedewlerini köpeltmekde we atçylyk sportuny ösdürmekde tutanýerli zähmet çekýän atşynaslarymyzyň hyzmatlarynyň ykrarnamasy hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berilýär. Atçylyk sportunyň ähli görnüşlerini — atçapyşyklaryny, marafonlary, milli at üstündäki oýunlary ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Döwrebap atçylyk sport toplumlary, manežler, hünärmenleri taýýarlamak üçin okuw merkezleri gurulýar. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna konkur boýunça atçylyk sport ýaryşynyň girizilendigini aýratyn belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara indiki mejlisiň geçiriljek ýerini kesgitlemek baradaky çözgüdi kabul etmegi teklip edip, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Assosiasiýanyň nobatdaky VIII mejlisiniň 2018-nji ýylda Aşgabatda geçiriljekdigini yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu günki duşuşygyň barşynda häzirki zaman ahalteke atçylygynyň möhüm meselelerine deglip geçildi. Şu gün beýan edilen derwaýys pikirler we teklipler netijeli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de öňdebaryjy tejribäni alyşmagyň has oňaýly ýollaryny gözlemek üçin uly ähmiýete eýedir. Ahalteke bedewlerini köpeltmegiň mysalynda atçylygyň derwaýys meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umuman, bularyň ählisi biziň Assosiasiýamyzyň binýadynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklar üçin amatly mümkinçilikleri açýar. Şunda assosiasiýanyň agzalarynyň bu möhüm işde işjeň orny eýeleýändigi bellenildi. Olar diňe bir öz ýurtlarynda däl, eýsem, dünýä möçberinde hem ahalteke atçylygyny wagyz etmäge saldamly goşant goşýarlar.

Behişdi bedewleri köpeltmegiň mysalynda biz diňe bir sport ýa-da höwesjeňlik ugruny däl, eýsem, çuňňur manyny görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu ýerde ynsanyň we tebigatyň özara gatnaşyklarynyň tutuş filosofiýasy hem-de medeniýeti kemala gelýär. Ahalteke bedewleri şol bir wagtyň özünde tebigatyň döreden ajaýyp gymmatlygy hem-de türkmen halkynyň tutanýerli zähmetiniň netijesi bolan gudrat, ynsanyň döreden sungatynyň naýbaşy derejesi bolup durýar.

Milli Liderimiz wekilçilikli foruma gatnaşyjylara we myhmanlara — ajaýyp ahalteke bedewlerini köpeltmekde güýç-gaýratyny, bilimini we başarnygyny gaýgyrmaýan atçylyk boýunça meşhur bilermenlere, dünýäde ady belli alymlara, öz işiniň hakyky muşdaklaryna olaryň köpugurly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu mejlise gabatlanyp geçirilen uly taýýarlyk işlerini belledi. Şol işleriň barşynda ahalteke atçylygynyň hem-de bu ulgamda biziň halkara hyzmatdaşlygymyzyň derwaýys meselelerine degişli anyk teklipler aýdyldy. Munuň özi mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň örän wajypdygyna, teklip edilen meseleleri netijeli ara alyp maslahatlaşylmaga mejlise gatnaşyjylaryň uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz şu mejlisi taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga täze pikirler we başlangyçlar görnüşinde goşmaça itergi beriljekdigine ynam bildirdi hem-de olaryň ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga, tohumçylyk işini kämilleşdirmäge hem-de bu ulgamda iň gowy tejribäni ýaýratmaga gönükdirilen köpugurly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisiniň tamamlanandygyny yglan etdi. Ol meşhur tohum atçylygyny bütin dünýäde ösdürmek, täze şertlerde bilelikdäki işiň binýadyny üpjün etmek hem-de iri halkara atçylyk we sport merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça bitewi strategiýany durmuşa geçirmekde ýene-de bir möhüm ädim boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň myhmanlaryny Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän köp sanly çärelere, şol sanda türkmen paýtagtynda geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly IX halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisi tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter