Çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde ahalteke bedewine bagyşlanan döredijilik bäsleşigi geçirildi | TDH
Medeniýet

Çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde ahalteke bedewine bagyşlanan döredijilik bäsleşigi geçirildi

опубликованно 26.04.2017 // 1197 - просмотров
 

Bu çäräni guramaga “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Ahalteke bedewleriniň gözelligini beýan etmek boýunça iň gowy işleriň bäsleşigine gatnaşýan suratkeşleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Her bir nobatdaky sergi garaşylmadyk döredijilik açyşlary, täze garaýyş bilen tapawutlanýar hem-de tomaşaçylara mähir we şatlyk paýlaýar. Ahalteke bedewi öz nepisligi, ýandamlygy, tebigy aňy bilen döredijilik ylhamynyň çäksiz çeşmesidir. Sebäbi bu täsin jandarlaryň daşky gözelliginden başga-da, olarda ägirt uly ruhlandyryjy güýç, kuwwatly ruh we erk bar.

Şonuň uçin hem ajaýyp ahalteke bedewi biziň aňymyzda milli buýsanjy oýarýar, bu bolsa her bir türkmeniň kalbynda orun alyp, hemmeleri olara sarpa goýmaga çagyrýar. Bedewler barada söhbet etmek bilen, türkmen çeýsleriniň köp nesilleriniň ussatlygyna we zehinine sarpa goýmazlyk mümkin däl, olar asyrlaryň dowamynda öz şan-şöhratyny hem-de täsin aýratynlyklaryny artdyran ahalteke tohumynyň gaýtalanmajak nusgasyny kemala getirdiler.

Çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynyň baş gahrymany behişdi bedew häzirki wagtda san-sajaksyz erteki şekillerini ýada salýar. Bedewler ähli ýerde guş kimin asmana göterilýän, nepis, metala guýulan, ýumşak we hoşgylaw, agaçdan timarlanan hem-de halylara çitilen şekillerde örboýuna galýar. Emma ähli zatdan ýokarda ahalteke bedewleriniň nakgaş eserlerinde nepis, näzik, ynsan söýgüsine gurşalan hem-de bu söýgä çuňňur wepadarlyk bilen jogap berýän görnüşinde suratlandyrylmagydyr. Türkmen suratkeşleri bedewiň keşbine bahasyna ýetip bolmajak gözellik hökmünde, haýran galmak we sarpa goýmak, kämilligiň nusgasy hökmünde garaýyşlaryny beýan edýärler.

Behişdi bedewleriň nepisligine ähli döwürlerde hem uly sarpa goýlupdyr, onuň eýesine wepadarlygy hem-de durmuş kötelliklerini we şatlyklaryny paýlaşmaga taýýarlygy, islendik synaglara döz gelmegini düşündirmek ýeňil däldir. Muňa çeper sungatyň üsti bilen göz ýetirmek – bäsleşige gatnaşýan her bir suratkeşiň wezipesidir, olaryň hatarynda ykrar edilen ussatlar hem, döredijilige täze başlan suratkeşler hem bar. Bäsleşige gatnaşýanlaryň adyna derek tertip belgileriniň goýulmagy emin agzalaryna ýüz görmezden netije çykarmaga mümkinçilik berýär.

Şu ýyl sergi bäsleşigi öňki ýyllardakydan birnäçe aýratynlyklar bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, ahalteke bedewiniň taryhda eýelän orny has aýdyň beýan edilýär, sport ugry uly orun eýeleýär, elbetde, munuň özi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň golaýlaşýandygy bilen baglydyr, oýunlaryň maksatnamasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy tagallasy bilen sportuň korkur görnüşi girizildi.

Eger-de, öňki geçirilen sergilerde bedewleriň şekilleri üýtgewsiz häsiýete eýe bolanlygyndan, bu gezekki bäsleşikde suratkeşleriň köpüsi öz eserlerine okgunlyk, görnüşleriň üýtgemegine, reňkleriň we gurluşlaryň özboluşlylygyna aýratyn üns berdiler. Bu bolsa işleriň çeperçiligini ýokarlandyryp, serginiň täsirliligini artdyrdy. Kulalçylykda hem aýratyn meýiller duýulýar, şunda heýkeltaraşlygyň äheňleri has aýdyň duýulýar. Fotosurat sungaty bölümi hem ep-esli giňeldi. Onda suratkeşler, dizaýnerler adaty ugurlaryň çäklerini giňeltmek arkaly öz ukyplaryny synap görýärler.

Munuň özi döredijilik gatnaşyklarynyň has-da işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň, ahalteke bedawleriniň surat we grafika ugurlarynda, amaly-haşam sungatynda giňden beýan edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Atlar dürli görnüşlerde we birnäçe şekillerde beýan edilýär. Olar tebigatyň goýnunda, daglarda, çölde we suw güzerinde, bahar gülälekleriniň içinde şekillendirilýär. Şeýle hem bedewleriň hereketdäki görnüşi, ýekeligi, bedew sürüleri, çagalaryň ýanyndaky ýa-da aksakgally gojalaryň golaýyndaky görnüşleri janlandyrylypdyr. Her bir işiň öz ýörelgesi bolup, olarda surat eserine çuňňur aralaşmak, haýran galmak, hyýaly täsirler duýulýar. Şeýle hem bu eserleriň mähir ýylylygy ýa-da ýumşak gülkä ýugrulan ugurlary görünýär.

Ahalteke bedewlerine bagyşlanan bäsleşik talyplaryň we mugallymlaryň döredijilik durmuşynda iri waka öwrüldi. Döwlet çeperçilik akademiýasy ýurdumyzyň şekillendiriş sungatyny ösdürmek üçin özboluşly binýada öwrüldi.

Düzüminde ýurdumyzyň hünärmenlerinden başga-da Tatýana Follet (Fransiýa), Žan Mu (Hytaý), Nurlan Mamyýew (Gyrgyzystan), Nadežda Tarasowa (Russiýa) ýaly halkara bilermenlerinden ybarat bolan bäsleşigiň emin agzalary hem muny tassyklaýarlar.

Ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda öňde boljak Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň dabaralandyrylan pursatlarynda bolar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter