Bugdaý oragyna çenli gallaçylar täze kombaýnlary alarlar | TDH
Ykdysadyýet

Bugdaý oragyna çenli gallaçylar täze kombaýnlary alarlar

опубликованно 25.04.2017 // 1059 - просмотров
 

Galla oragynyň öň ýanynda Oba we suw hojalyk ministrliginiň düzüm böleklerinde taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Oba hojalyk tehnikasyna we enjamlaryna hyzmat edilýän ähli merkezlerde abatlaýyş – bejeriş çäreleri, ätiýaçlyk şaýlaryny jemlemek işleri geçirilýär, möhüm çäräniň öň ýanyndaky taýýarlyk işleri barlanylýar. «Case», «New Holland», «John Deere», «CLAAS» kompaniýalarynyň hyzmat merkezleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda tehniki hyzmatlar ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Oba we suw hojalyk ministrligi «John Deere International GmbH» (Şweýsariýa Konfederasiýasy) kompaniýasy bilen oba hojalyk tehnikasynyň, enjamlaryň, şeýle hem ätiýaçlyk şaýlarynyň we çykdajy serişdeleriniň uly tapgyryny satyn almak barada şertnama baglaşdy. Kämilleşdirilen görnüşli häzirki zaman tehnikasynyň jemi 1350 birligini 2017-2020-nji ýyllaryň dowamynda üç tapgyrda satyn almak göz öňünde tutulýar.

Birinji tapgyryň çäklerinde bugdaý hasylyny ormakda peýdalanylýan kombaýnlaryň hataryna täze «John Deere W540»-iň 150-si goşular. Olaryň 48-si Ýewropadan demir ýol ulagy bilen ugradyldy hem-de ýakyn wagtda ýurdumyza gelip gowşar.

Türkmenistanyň satyn alýan oba hojalyk enjamlarynyň ähli görnüşleri hökmany suratda ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýändigi babatda deslapky synagdan geçirilýär. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna bildirýän berk talabydyr. «John Deere»-iň tehnikasynyň täze nusgalary hem olaryň artykmaçlyklaryny äşgär eden meýdan synaglaryndan üstünlikli geçdiler.

“W540” kysymly kombaýn agrybaş kuwwatly 260 at güýjüne deň bolan hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Şunda bu kombaýn daşky gurşawy goramak babatynda Ýewropa ölçegine laýyk gelýär. Kombaýn ýokary öndürijilik häsiýetinden başga-da, bugdaý akymynyň üznüksizligine hem-de tizligine gözegçilik ulgamy ýaly birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ýygnalýan hasylyň hiline we mukdaryna hem-de beýleki möhüm görkezijilerine sürüji üçin amatly şertler döredilen kabinada oturdylan monitorda syn etmek bolýar. Sürüjiniň kabinasynda ses we goh geçirmeýän enjamlar has gowulandyrylandyr hem-de howa awtomatiki usulda kadalaşdyrylýar. Kombaýny dolandyrmak uly emgenmegi talap etmeýär—ähli amallara tehnikanyň işleýşinden başlap, onuň ýagdaýynyň anyklanylyşyna çenli elektronika enjam arkaly gözegçilik edilýär.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolan «John Deere” kompaniýasy oba hojalyk pudagynyň tehniki binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna özara bähbitli şertlerde gatnaşýar. Dünýä belli amerikan kompaniýasy indi 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmen bazarynda iş alyp barýar we hasyl ýygnamakda netijeli çözgütleri—dünýä kombaýn gurluşygynyň iň häzirki zaman nusgalaryny hödürleýär. 20 ýyldan gowrak hyzmatdaşlygyň dowamynda «John Deere»-iň tehnikasy ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda özüni iň gowy tarapdan görkezdi, ekerançylar olaryň ygtybarlylygyna hem-de netijeli işleýändigine mynasyp baha berdiler.

Şu döwrüň içinde ýurdumyza bu kysymly oba hojalyk tehnikasynyň dürli görnüşleriniň müňlerçesi getirildi. Kompaniýanyň oýlaptapyjy hünärmenleri bu tehnikanyň kysymyny kämilleşdirmegi dowam edýärler, ýylyň-ýylyna olaryň işleýiş häsiýetnamalaryny gowulandyryp, türkmen ekerançylarynyň isleglerine hem-de ýerli toprak-howa şertlerine laýyklygy babatynda bildirýän talaplaryna jogap berýärler.

Emma milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tehnikalaryň hili we ygtybarlylygy işiň ýarysydyr. Islendik tehnikanyň netijeliligi oýlanyşykly ulanylmagyna hem-de hyzmata, abatlaýyş işleriniň wagtly-wagtynda geçirilişine baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýerli hünärmenleri taýýarlamak we okatmak işlerine uly üns berilýär. Olaryň köpüsi «John Deere» kompaniýasynyň zawodlarynda hem-de okuw merkezlerinde ýörite okuwlary we tejribelikleri geçdiler.

Kompaniýanyň hyzmat gulluklary ýurdumyz üçin ýörite öndürilen täze tehnikany synagdan geçirmäge mümkinçilik döredýär. Türkmen ekerançylary ekin meýdanlarynda kuwwatly tehnikalary höwes bilen ulanýarlar, bu kombaýnlar bol hasyl almagyň, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň, umuman, oba hojalyk işleriniň üstünlige beslenmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Şeýlelikde, täze «John Deere»-iň ilkinji tapgyry ýurdumyza tarap ugradyldy hem-de galla oragyna çenli ekerançylaryň ygtyýaryna ýene-de 102 kombaýn gelip gowşar. Indiki tapgyrda—iýun-iýul aýlarynda sürüm möwsümine “John Deere 8245R” kysymly traktorlaryň 400-sini getirmek göz öňünde tutulýar. Pagta ýygymy başlanýança “John Deere 9970” pagta ýygyjy kombaýnlaryň 200-siniň awgust-sentýabr aýlarynda gelip gowuşmagyna garaşylýar. 2018-nji ýylyň pagta ýygymy möwsüminde hem bu kysymly kombaýnlaryň 200-si Türkmenistana getiriler.

8R kysymly, hereketlendirijisiniň kuwwaty 268 at güýjüne deň bolan sürüm traktorlary ýurdumyzyň şertlerinde geçirilen synaglarda artykmaçlygyny görkezdi. Biziň hünärmenlerimiz olaryň işleýiş derejesine, dolandyrmagyň ýönekeýligine, şeýle hem tygşytly ýangyç ulgamyna we ekologiýa kadalaryna laýyklygyna ýokary baha berdiler. Täze kysymly tehnikalarda möhüm kämilleşdirmek işleriniň geçirilmegi netijesinde traktorlaryň agramy ep-esli artdyryldy, munuň özi çuň sürüm geçirmekde ähmiýetlidir, olaryň yzky böleginiň ýük göterijiligini artdyrýar we bu aýratynlyk traktorda islendik enjamlary peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Kuwwaty 250 at güýjüne deň bolan John Deere 9970» pagta ýygyjy kombaýnlar öňki nusgalar bilen deňeşdirilende hyzmat etmekde has ýönekeýligi we ulanylanda has tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Ony elektron ululda dolandyrmak ýeňilleşdirildi we bunkeriniň gabarasynyň we ýangyç guýulýan gabynyň sygymlylygynyň ululygynyň hasabyna öndürijiligi ýokarlandyryldy. Kombaýnyň köp ugurly gurluşy pagta hasylyny 60 santimetr we 90 santimetr hatar arasynda ýygnamaga mümkinçilik berýär.

Pagta we bugdaý ýurdumyzyň ekerançylygynyň strategiki häsiýetli ekinleridir. Pagtany we bugdaýy öndürmek hem-de gaýtadan işlemek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan obasenagat syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar, şunda bu pudagyň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna, ekerançylyk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň her bir sebitiniň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, täzeçil inženerçilik işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna ileri tutulýan derejeli ähmiýet berilýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter