Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

опубликованно 25.04.2017 // 870 - просмотров
 

“Şu mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy beýan edýärin, biziň dostlukly ýurtlarymyzyň arasynda özboluşly we berk gatnaşyklaryň ýokary derejä ýetendigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Biz dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly üstünlikleri gazanmak üçin ähli tagallalary ederis.

Saud Arabystany Patyşalygynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtamak bilen, iki halkyň bähbitlerine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmegi maksat edinýändigimize Siziň Alyhezretiňizi ynandyrýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistanyň halkyna rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin” diýilip, Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman ben Abdul-Aziz Al Saudyň hatynda aýdylýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter