Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 24.04.2017 // 1039 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň medeniýet we syýahatçylyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary we sebitlerde halkymyzyň abadan durmuşy we döredijilikli zähmeti üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine garaldy.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek we şanly seneleri, ilkinji nobatda bolsa aprel aýynyň ahyrynda bellenilýan Türkmen bedewiniň baýramyny dabaralandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, ýurdumyzyň baş şäherini döwrüň talabyna laýyk derejede abadanlaşdyrmak we ilatyň ýaşaýyş- durmuş derejesini kämilleşdirmek boýunça alnyn barylýan işler barada aýdyldy. Şeýle hem häkim Aşgabat şäherinde Türkmen bedewiniň baýramyny mynasyp derejede garşylamak, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler, olaryň taýýarlyk derejesi hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ähli görkezijiler babatda nusgalyk derejede bolmalydygyny aýdyp, şäheriň ähli künjeklerinde, aýratyn-da paýtagtymyzyň etraplarynda arassaçylyk we abadançylyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ak mermerli Aşgabatda ulag geçelgeleriniň, köprüleriň gurluşygyna, şäher ýollarynyň yşyklandyryş ulgamyna, şeýle hem şäheriň çäklerinde bag nahallarynyň, aýratyn-da, Garagum derýasynyň ýakasyna tutlaryň oturdylmagyna jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamanyň ýerine ýetirilişine ünsi çekip, ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmalydygyny we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere edilýän ideg işler, şeýle hem oba hojalyk tehnikalaryny we degişli düzümleri galla oragyna taýýarlamak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler, gowaça ekişiniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim galla oragyna taýýarlyk işlerine, hususan-da, ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak çärelerine aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň barşy hem-de welaýatyň ähli künjeklerinde Türkmen bedewiniň baýramyny mynasyp garşylamak boýunça geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, gowaça ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek, onuň depginlerini ýokarlandyrmak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Bellenilişi ýaly, galla oragy möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir, galla kabul ediş bölümleri, däne ýygýan kombaýnlar we awtoulaglar möwsüme doly taýýar edilmelidir.

Milli Liderimiz welaýatyň ähli künjeklerinde medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy talap etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi boýunça meýilleşdirilen çäreleriň degişli derejede guralmalydygyny belledi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň degişli düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, welaýatyň ähli etraplarynda şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmeginiň möhüm döwlet wezipesi bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem häkime ýaz-meýdan işlerini guramaçylykly geçirmek, sebitiň howa şertlerini nazara almаk bilen, ähli agrotehniki kadalary berk berjaý etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklar berildi. Bellenilişi ýaly, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk pudagyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak, aýratyn-da, suwaryş suwuny netijeli ulanmak işleri aýratyn möhümdir.

Welaýatda Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guralýan dabaralara gowy taýýarlyk görülmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, dabarada zähmetsöýer zehinli halkymyzyň belent ruhunyň, Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eýeleýän sepgitleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda gowaça ekişiniň depginlerini güýçlendirmek, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek we galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, hasabatyň barşynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň bähbidine milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy, Türkmen bedewiniň baýramyny ýokary guramaçylyk derejede geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri, önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy hakynda habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdip. Bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak, öňde boljak galla oragyna taýýarlyk işleriň depginlerini artdyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz welaýatda gurulýan dürli maksatly binalaryň bellenilen möhletde tabşyrylyşyna we Türkmen bedewiniň baýramyny meýilleşdirilen maksatnama laýyklykda ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewiň hasabaty diňlenildi. Ol öz gezeginde welaýatyň obasenagat toplumynda, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, gowaça ekişiniň barşy we beýleki ekinleriň ekiş möwsümini öz wagtynda geçirmek, şeýle hem galla oragyna taýýarlyk görmek işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň ähli künjeklerinde milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Türkmen bedewiniň baýramyny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny, munuň üçin bolsa degişli düzümleriň utgaşykly hereketiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek, gowaça ekişini bellenilen möhletlerde we ýokary hilde geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Galla oragyna sanlyja wagtyň galandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz galla kombaýnlaryny, şeýle hem däne kabul ediş bölümleri, elewatorlary öz wagtynda taýýarlamagyň möhümdigini belledi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz halkymyzyň
milli gymmatlygy bolan we ady rowaýata öwrülen bedewleriň şanyna guralýan baýramçylyk çärelerine göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýratyn belledi. Welaýatyň çäklerinde bina edilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna we olaryň öz wagtynda tabşyrylyşyna gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýdyp, sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, hususan-da gowaça ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler, galla oragyna oba hojalyk tehnikalaryny we degişli düzümleri taýýarlamak işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Türkmen bedewiniň baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlanylan meýilnama hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň häzirki ýagdaýyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Hususan-da, gowaça ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak, galla oragyna degişli taýýarlygy ýola goýmak, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligine berk gözegçilik etmek babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini, olarda milletiň baý ruhy mirasynyň we halkymyzyň asylly däpleriniň öz beýanyny tapmalydygyny tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew çagyryldy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda şanly seneler mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyza Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna guralýan dabaralar barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini talap etdi. Milli baýramçylyklaryň we beýleki iri çäreleriň guramaçylyk ýagdaýyna, taýýarlygyna bir bitewi çemeleşmeleriň ýokdugyny aýdyp, bu ugurda ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagynyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz munuň özi medeni-köpçülikleýin çäreleriň ähmiýetiniň has-da ýokarlanmagynda wajypdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli geçirilýän atly ýörişiň guramaçylyk ýagdaýyna ünsi çekip, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň çägi boýunça guralýan ýörişiň Mary welaýatynda geçýän pursatlaryndaky dabaralaryň guramaçylyk derejesine düýpli nägilelik bildirdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlary boýunça guralýan atly ýörişe gatnaşyjylar “Galkynyş” gaz käninde bolup, Aziada-2017-niň alawyny ýakarlar.

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleriniň pes derejede utgaşdyrylýandygy üçin wise-premýeriň we ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň alyp barýan işlerine nägilelik bildirildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Türkmen bedewiniň baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän çäreleriň bir bitewi medeni maksatnama laýyklykda guralmalydygyny, olarda asyrlar aşyp gelýän atşynaslyk däpleriniň, milli seýisçilik sungatynyň, müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň milli buýsanjy bolup durýan ahalteke bedewleriniň owadanlygynyň, çeýeliginiň, ýyndamlygynyň, olaryň dünýä ýüzündäki abraýynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy M.Annabaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. M.Annabaýew häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bag nahallaryny oturtmak, aýratyn-da, ozal bar bolan baglara ideg etmek, milli tebigatymyzy aýawly goramak, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Garagum derýasynyň kenarlaryna tut nahallaryny ekmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz milli tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny saklamak, ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak, tokaý zolaklaryny döretmek, ozal bar bolan bag nahallaryna degişli derejede ideg etmek meselelerine ünsi çekip, bu ugurda pudagyň ýerine ýetirýän işlerine düýpli nägilelik bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyna başlyklyk edýän döwründe ekologiýa meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunlukda, daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň degişli derejede alnyp barylmagy, ekilen bag nahallarynyň guramagynyň öňüni almak işleri döwrüň möhüm talabydyr.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň töwereginde we beýleki ilatly ýerlerde olary tozanly ýellerden goramak maksady bilen, tokaý zolaklarynyň giňeldilmeginiň, şeýle hem Garagum derýasynyň ýakalarynda we beýleki suw desgalarynyň kenarlarynda tut nahallaryny oturtmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi olaryň kenarlarynyň berkemegine we goraglylygyna ýardam berer.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekili iş maslahatyna ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikowy çagyrdy. Ministr häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, tertip-düzgüni pugtalandyrmak, ulaglaryň sazlaşykly hereketini we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilýändigine, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň işjeň ornaşdyrylýandygyna garamazdan, ministrligiň bu ugurda alyp barýan işlerine düýpli nägilelik bildirdi.

Hususan-da, IIM-niň ýolbaşçylarynyň adyna Aşgabatda we onuň töwereklerinde awtoulaglara hyzmat edýän bellige alynmadyk bölümleriň bikanun hereket edýän ýerleriniň bardygyny, ulaglary ýuwmak hyzmatyny ýerine ýetirýän bölümlerde köplenç halatda agyz suwunyň ulanylýandygyny, oňa ministrlik tarapyndan degişli gözegçiligiň ýola goýulmaýandygy sebäpli tankydy bellikler aýdyldy. Şonuň bilen birlikde hususy kärhanalaryň we telekeçilik işlerini alyp barýan aýry-aýry şahsy taraplaryň işlerine degerli gözegçilik etmeýändigi üçin salgyt gullugynyň adyna hem bellikler aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz içeri işler ministrinden degişli gulluklar bilen aýdylan säwlikleri gyssagly düzetmek boýunça işleri geçirmegi talap etdi.

Iş maslahatynyň baryşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da, birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we olar boýunça degişi çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň ahyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäherini we ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şäher düzümlerinde abadançylygy üpjün etmek, oba hojalyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, önümçilik pudaklaryna täzeçil tehnologiýalary, ösen tejribeleri işjeň ornaşdyrmak, iň esasy bolsa halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň aýratyn möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter