Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy | TDH
Syýasat habarlary

Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

опубликованно 24.04.2017 // 878 - просмотров
 

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler, Ykdysadyýet we ösüş ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Bu resminamany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen maslahatda öňe süren başlangyçlaryna laýyklykda türkmen tarapy işläp taýýarlady.

Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, şu geçen döwürde Hazar sebitiniň ýurtlarynyň Liderleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Bäştaraplaýyn görnüşde gol çekilmegi meýilleşdirilen birnäçe täze kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny ylalaşmak çäreleri has-da işjeňleşdirildi. Olaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriniň arasynda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere laýyklykda, özara peýdaly ykdysady gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we giňeldilmegine gönükdirilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk bar.

Bilermenleriň bu gezekki duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitiň ýurtlarynyň wekilçilikli we işewür toparlarynyň agzalary üçin netijeli gepleşikler meýdançasyna öwrüljek hemişelik hereket edýän Hazaryň Ykdysady Forumyny döretmek hakyndaky başlangyjyny goldamak meselelerine aýratyn ähmiýet berler. Munuň özi dünýä işewürligi, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny üpjün eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter