Aziýanyň iň güýçli agyr atletikaçylary türkmen paýtagtyna ýygnandy | TDH
Sport

Aziýanyň iň güýçli agyr atletikaçylary türkmen paýtagtyna ýygnandy

опубликованно 23.04.2017 // 987 - просмотров
 

Şu gün Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary toplumynda agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty badalga aldy. Oňa Ýaponiýadan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, KHDR-den, Omandan, Kuweýtden, Iordaniýadan, Siriýadan, Yrakdan — jemi 30-dan gowrak ýurtdan agyr atletikaçylaryň 200-e golaýy gatnaşýar. Ýaryşlaryň ilkinji gününiň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Ýulduz Jumabaýewa iki bürünç medala mynasyp boldy.

Biziň ildeşimiz 48 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, bu üstünligi itekläp götermek (93 kilogram) we silkip ştanga götermegiň
iki görnüşiniň jemi (165 kilogram) netijesinde gazandy. Ý.Jumabaýewa silkip götermekde hem 72 kilogram agramy galdyryp, oňat netije görkezdi. Bu görkezijiler Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talybyna dördünji orny eýelemäge hem-de agram götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça ozal gazanan görkezijisini täzelemäge mümkinçilik berdi.

Ýulduzyň agyr atletikanyň iki ugrunyň netijeleri boýunça Aziýa çempionatynyň medalyna mynasyp bolan ilkinji türkmen agyr atletikaçy zenanydygy bellemek gerek. 48 kilograma çenli agram derejede çykyş eden tailandly türgen zenan Tunýa Sukçaroen ýeňiji (üç altyn medal) boldy, onuň görkezen umumy netijesi 194 kilograma (silkip götermekde 84 kilogram we itekläp götermekde 106 kilogram) deň boldy.

Erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşiklerde türgenler iki agram derejede (56 kilograma çenli we 62 kilograma çenli) bäsleşdiler, şunda olar iki topara bölündi. “A” toparda iki görnüşiň jemi boýunça Hytaýdan Diçeng Long (273 kilogram) we Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň ýygyndy toparynyň wekili Çol Bom Sin (301 kilogram) altyn medallara mynasyp boldular. “B” toparda Kuweýtden Abdulla Alhatem (200 kilogram), Birleşen Arap Emirliklerinden Abdullah M. Halifa (175 kilogram) birinji orunlary eýelediler.

Aziýa çempionatynyň ikinji gününde diňe zenanlar toparynda bäsleşikler dowam eder. Şonda 53 we 58 kilogram agram derejesinde çykyş edýän türgenler bäsleşerler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter