Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy | TDH
Jemgyýet

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy

опубликованно 19.04.2017 // 810 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Bäsleşikleriň hatarynda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda döredijilik bäsleşikleri bar.

Bäsleşikler türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 29-njy aprelinde geçiriler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter