Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül dessesini goýdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül dessesini goýdy

опубликованно 19.04.2017 // 1605 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül dessesini goýup, Gazagystanyň halk gahrymanlaryny hatyralady.

Ýakynda Astanada, “Akorda” köşgünde ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi. Şol gepleşikler netijeli syýasy gatnaşyklary has-da ösdürmäge, döwletara söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary giňeltmäge itergi bermek üçin täze ugurlary kesgitledi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, dünýä derejedäki esasy meselelere bolan umumy garaýyş, hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýadydyr.

Şeýle egsilmez gymmatlyklaryň biri faşizme garşy ýowuz gandöküşikli söweşde mähriban topragyň azatlygyny goran merdana goragçylaryň, häzirki we geljekki nesilleriň röwşen geljeginiň bähbidine wepat bolanlaryň hatyrasyny tutmakdyr. Agyr uruş ýyllarynda gaýduwsyz türkmenistanly esgerleriň müňlerçesi beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, janlaryny aýaman frontlarda söweşip, deňsiz-taýsyz edermenlik we gahrymançylyk görkezdiler. Şolaryň arasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň ömür ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, ak ýürekliligiň hem-de borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter