Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini Aziada-2017-niň açylyş dabarasyna çagyrdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini Aziada-2017-niň açylyş dabarasyna çagyrdy

опубликованно 18.04.2017 // 942 - просмотров
 

Gazagystanda döwlet sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewi şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljäek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde milli Liderimiz sport boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşendigini, türkmen we gazak türgenleriniň iki ýurtda guralýan ýaryşlara yzygiderli gatnaşýandygyny belledi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter