Energetika ulgamy Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýar | TDH
Syýasat habarlary

Energetika ulgamy Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýar

опубликованно 18.04.2017 // 1080 - просмотров
 

Energetika Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen türkmen-gazak gepldeşikleriniň dowamynda aýtdy.

Milli Liderimiz 2009-njy ýylda gurlan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini mysal hökmünde görkezdi. Bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi Ýewraziýa giňişligindäki energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde has-da ähmiýetlidir. Hususan-da, ol Gazagystan üçin gazak gazyny Hytaýa ibermekde, öz çäginden energiýa göterijileri üstaşyr geçirip, girdeji gazanmakda täze mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyňbelleýşi ýaly şu we beýleki energetika twaslamalaryny öňe sürmek bilen, Türkmenistan goňşy ýurtlaryň yklymda täze energiýa geçirijiler ulgamyna goşulyşmak zerurlygy hökmünde düşünýär.

Döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň bu ulgamdaky ýurdumyzyň başlangyçlaryny yzygiderli goldamagy, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji we 2013-nji ýyllardaky degişli kararnamalaryna awtordaş bolup çykyş etmegi ähmiýetli waka bolup durýandygyny belledi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter