Türkmenistan we Gazagystan ýaragsyzlanmak babatda bilelikde iş alyp bararlar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan we Gazagystan ýaragsyzlanmak babatda bilelikde iş alyp bararlar

опубликованно 18.04.2017 // 896 - просмотров
 

Türkmenistan we Gazagystan ýaragsyzlanmak babatda özara gatnaşyk eder. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Nursultan Nazarbaýewiň Astanada geçirilen giňişleýin düzümdäki gepldeşiklerde bu abarada aýdyldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurtlaryň ikisi hem Merkezi Aziýada ýdro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama gatnaşyjy bolup durýarlar we BMG_niň hem-de ÝHHG-niň çäklerinde bu ulgamda anyk işleri durmuşa geçirmekde bilelikde iş alyp bararlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama yklymda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm guraly bolup durýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter