“Akorda” köşgünde ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri başlandy | TDH
Syýasat habarlary

“Akorda” köşgünde ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri başlandy

опубликованно 18.04.2017 // 912 - просмотров
 

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň “Akorda” köşgünde Astana döwlet sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi duşuşygy boldy.

Gazagystanyň we Türkmenistanyň Baştutanlary iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Prezidentler Hormat garawulynyň başlygynyň hasabatyny kabul edip, Gazagystanyň Döwlet baýdagyna tagzym etdiler. Soňra döwlet Baştutanlary Hormat garawulyň esgerleriniň hatarynyň öňünden geçdiler.

Resmi taýdan garşylamak dabarasy tamamlanandan srň, Prezident Nursultan Nazarbaýew we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Akorda” köşgüniň “Altyn zalyna” geçdiler. Ol ýerde ýokary derejeli ikiçäk görnüşdäki gepleşikler başlandy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluň gurluşygynyň taslamasynyň bilelikde ýerine ýetirilmegi hyzmatdaşlygyň möhüm ugruny alamatlandyrýan ulag pudagyndaky gatnaşyklar köp ugurly türkmen- gazak gepleşikleriniň gün tertibinde möhüm orun eýeledi.

Şeýle hem köpýyllyk medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlaryndaky türkmen-gazak gatnaşyklaryna işjeň häsiýet eýedir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter