Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet hepdeliginiň dabaralaryna gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet hepdeliginiň dabaralaryna gatnaşdy

опубликованно 19.07.2015 // 918 - просмотров
 

Türkmenabat, 27-nji iýun (TDH). Amyderýanyň kenarynda festiwal öwüşginlerine beslenen Medeniýet hepdeligi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy—şu gün bu ýerde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bellenildi.

Uly baýramçylyk çäresiniň dürli öwüşginleri Türkmenistanyň ägirt uly medeni kuwwatyny, halkymyzyň milli mirasynyň özboluşlylygyny hem-de işjeň döredijilik gatnaşyklary we alyşmalary üçin täze mümkinçilikleri açyp görkezýän köp dürli wakalary öz içine aldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen medeniýeti” we “Ile döwlet geler bolsa...” atly täze kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy şol günleriň ähmiýetli wakalarynyň biri boldy.

Hepdeligiň çäklerinde Halkara sungat sergisi ýaýbaňlandyrylyp, teatr sahnalarynyň we türkmen dokumental filmleriniň görkezilişi, şygryýet agşamy we ylmy maslahat, opera sahna oýnunyň ilkinji gezek görkezilmegi, ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň tanymal aýdymçylarynyň gatnaşmagynda ýatdan çykmajak konsertler boldy.

Medeniýet hepdeliginiň çärelerine ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň ýüzlerçesi: ähli welaýatlardan suratkeşler we amaly-haşam sungatynyň ussatlary, ýazyjylar we kinoçylar, teatr we kino artistleri, aýdymçylar, döredijilik toparlary, çeper höwesjeňler toparlary, daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen üçünji gezek geçirilýän giň gerimli çäre öz wezipesini ýerine ýetirdi: Türkmenistanda bolup geçýän medeni çärelere täze depgin hem-de kuwwatly itergi bermek, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, sungatyň görnüşleriniň köpdürlüligini ösdürmäge, bu ulgamda medeni diplomatiýany we halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam etmek maksady bilen, şol çäreleri giňden beýan etmek wezipesini abraý bilen ýerine ýetirdi.

Her ýyl geçirilýän çäräniň derejesi we aýratyn möhümligi onuň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilmeginde we oňa gatnaşmagynda öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiz jemgyýetimiziň ruhy taýdan taplanmagyndan, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde, ýurdumyzyň dünýä abraýynyň artmagynda medeniýete aýratyn ähmiýet berýär. Bu 2013-nji ýylda “Awazada”, 2014-nji ýylda Daşoguzda, ynha, indi bolsa, Medeniýet hepdeligi-2015-iň myhmansöýer meýdançasyna öwrülen Türkmenabatda hem şeýle boldy.

Şu gün, Lebap welaýatyna iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanyp, Türkmenabat şäheriniň “Bitaraplyk” seýilgähinde geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.

Bu gün agşam bu ýere Medeniýet hepdeligine we Halkara sungat sergisine gatnaşyjylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, köpsanly ýerli ýaşaýjylar ýygnandylar. Olaryň arasynda Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bar.

Bu ýere ýygnananlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany ösüşiň täze belentliklerine çykaran ägirt uly özgerişlikleriň başyny başlaýjy we ruhlandyryjysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz aýdym-sazly çykyşlar başlamazdan öň, durky düýpli täzelenenden soň, düýn açylyş dabarasy bolan “Bitaraplyk” seýilgähini synlady.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz daşary ýurt saparlarynyň barşynda beýleki ýurtlaryň dynç alyş düzümi, hususan-da, seýilgäh toplumlary bilen tanyşlyga aýratyn üns berýär. Adamlara dynç alyş we ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň şertlerinde peýdaly işläp düzmeleri ulanmak boýunça anyk maslahatlar we görkezmeler şäher gurşawynyň durmuş we ekologiýa üpjünçiligini guramakda iň gowy daşary ýurt tejribesine gyzyklanmanyň netijesi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz döwrebap şäherleriň we şäherlileriň durmuşynda seýilgähleriň möhüm ornuny belläp, ozaly bilen, gök zolaklaryň ekologiýa wezipesine aýratyn üns berýär.

Milli Liderimiz bag-seýilgäh ösümlikler bezeginiň tärlerini başarnykly peýdalanmagyň şäher gurşawynyň ekologiýa gözelligini döretmek üçin zerur şert bolup durýandygyny aýdyp, bu ugruň paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk özgertmeleriniň gerimini nazara almak bilen, ýokary hünär derejesinde ösüşe eýe bolmalydygyny belleýär.

Soňky döwürde türkmen şäherleriniň we obalarynyň keşbi çalt özgerýär. Täze desgalaryň taslamasy işlenip taýýarlananda olaryň ýanaşyk ýerlerini bagy-bossanlyga büremek, seýilgähleri gurmak bildirilýän talaplaryň biri bolup durýar.

Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň eýýäm göz ýetirişi ýaly, tanalmaz derejede özgeren seýilgäh zolagynda göwnejaý dynç almak we ilkinji nobatda, çagalaryň wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. “Dinozawrlaryň jeňňeli” we milli taryhymyzyň meşhur binagärlik ýadygärlikleriniň nusgalary ýerleşdirilen meýdança çagalary dürli döwürlere syýahata çagyrýar.

Şu gün bu ýer köp adamly: şenbe agşamyny seýilgähde geçirmek üçin türkmenabatly maşgalalaryň onlarçasy çagalary bilen gelipdir.
Olar seýilgähiň içine aýlanyp, hiňňiliklerde uçdular, minarajyklar, köşkjagazlar we galajyklar gurlan oýun meýdançalarynda oýnadylar.
Dürli attraksionlaryň arasynda beýikligi 40 metr bolan “synlaýyş halkasy” aýratyn tapawutlanýar. Onuň kejebelerinden gözelleşýän şäheriň keşbini synlap bolýar.

Ähli ýerde çagalaryň sesleri, gülküleri ýaňlanýar, olar bir hiňňilikden beýleki hiňňilige tarap at salýardylar. Körpe myhmanlara bu gün ýakymly
sowgatlar garaşýardy.

Bagtly çagalygyyň bu baýramçylygynda hormatly Prezidentimiziň peýda bolmagy köpsanly körpeler üçin aýratyn sowgat boldy. Çagalar döwlet Baştutanymyzy seýilgähiň girelgesinde şadyýan mübärekläp, öz wagtlaryny şadyýan we ýatdan çykmajak ýagdaýda geçirmäge ýardam etjek köpsanly attraksionlary bilelikde aýlanyp görmegi haýyş etdiler. Güýmenjeleriň hatarynda dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen köp dürli hiňňillikler, üstünden aşaklygyna çalasynlyk bilen sypylýan depejikler we beýlekiler bar. Hormatly Prezidentimizi we onuň ýanyndaky çagalary ýolugrunda ajaýyp sowgat üçin milli Liderimize hoşallyk bildirýän körpeleriň şadyýan sesleri garşylady.

Agşam seýilgäh has-da gözel görnüşe eýe bolýar. Iki gektara ýaýylyp gidýän emeli köl seýilgähiň tebigy gözelligidir. Onda katamaranlarda gezelenç edip bolýar. Kölüň ýanynda saýha meýdançasy örboýuna galýar, ol şu gün belli türkmen artistleriniň—ussat we ýaş estrada aýdymçylarynyň, ýurdumyzyň sahnasynyň parlak ýyldyzlarynyň—milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, belli tans toparlarynyň hem-de Diýarymyzyň ähli welaýatlaryndan gelen döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp baýramçylyk şowhunynyň merkezine öwrüldi.

Baýramçylygyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň hem bolmagy aýdymçylary has-da ruhlandyrdy, olar ähli zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezmäge çalyşdylar.

Bu ýerde halk aýdymlary, häzirki zaman owazlary, belent buýsanç duýgusyny döredýän söýgi, watançylyk aýdymlary ýaňlandy. “Näzli” we “Meňli”, “Serpaý”, “Dokmaçylar”, “Dehistan”, “Galkynyş”, “Miras” belli tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp çykyşlar dabara öwüşgin çaýdy.

Joşgunly küştdepdi tansy umumy şowhuna öwrülip, onuň jadylaýjy owazynda bagtly ykbalyny gurýan türkmen halkynyň jebisliginiň ajaýyp nyşanyny duýmak bolýar.

“Dünýäň beýik Lideri Siz Arkadag” diýen jemleýji aýdymyň setirleri hut şolar barada, şatlykly baýramçylyklarymyz we ýurdumyzdaky ähli özgerişlikleriň başyny başlaýjy milli Liderimiz barada bolup, köpsanly tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmagynda konserte gatnaşyjylar tarapyndan bilelikde ýerine ýetirildi.

Aýdymyň sazy türkmenistanlylaryň kalbynda orun tutup, öz ýurdumyza, onuň döredijiligiň we ösüşiň belentliklere tarap batly gadamlaryna bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

Dürli öwüşginli baýramçylyk konsert maksatnamasy halkymyzy birleşdirýän we ruhlandyrýan, kalplara röwşen maksatlary ornaşdyrýan sungatyň beýik güýjüniň hormatyna atylan dabaraly feýerwerk bolup ýaňlandy.

Medeniýet—bu her bir adama öz halkynyň, beýik ýurdunyň bir ülşüdigini duýmaga mümkinçilik berýän ylham joşgunydyr. Ol nesilleri birleşdirip, ýaşlary halkymyzyň asyrlarboýy sünnälän we däp-dessurlarynda, mirasynda aýawly saklan öçmejek gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýeleýär.

Milli Liderimiz milli medeni baýlygymyzy aýawly saklamagyň zerurdygy barada aýdyp, bu işiň geçmişi däl-de, geljegi nazarlaýandygyny belleýär. Biziň mirasymyz diňe ylmy, taryhy-medeni, etnografiýa işleriniň maksady bolman, eýsem, her bir nesliň egsilmejek ruhy çeşmesi bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet hepdeligi ýaly halkara derejesindäki iri çäreleriň yzygiderli guralmagyna aýratyn orun degişlidir. Geljek ýyl bu çäre Mary welaýatynda geçiriler. Hormatly Prezidentimiz şu gün geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde degişli Karara gol çekdi.

...Agşam Türkmenabadyň asmanyny dürli öwüşginlere beslän ajaýyp feýerwerk dabarany jemläp, şäheriň üstüne dürli reňkli uçgunlary saçdy.

Konsert tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden Türkmenabat şäheriniň howa menziline bardy we uçaryna münüp, paýtagtymyz Aşgabada tarap ugur aldy.

***

Türkmenabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy.

Dabarada döredijilik hepdeliginiň hem-de onuň çäklerinde geçirilen çäreleriň, şol sanda Halkara sungat sergisiniň netijeleri jemlendi. Çykyşlarda giň gerimde bellenilen bu baýramçylygyň türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan galkynmagyny, ägirt uly döredijilik kuwwatyny şöhlelendirendigi, sungatyň kömegi arkaly milletara gatnaşyklarynyň çäklerini ep-esli giňelendigi nygtaldy.

Duşuşykda çykyş eden döredijilik işgärleriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň medeni durmuşynyň işjeňleşmegi, mazmun taýdan, şanly wakalar, şol sanda halkara derejesindäki wakalar bilen baýlaşmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy başlangyçlary ýurdumyzyň medeniýetiniň ösmegine, mirasynyň wagyz edilmegine uly üns bermegi netijesinde bolup geçýär.

Halkara gumanitar hyzmatdaşlygy, dürli halklaryň medeniýetleriniň aragatnaşygy hem-de gatnaşyklary we döredijilik alyşmalary ýola goýmagyň nukdaýnazaryndan Medeniýet hepdeliginiň aýratyn möhümdigi bellenildi. Şol gatnaşyklar halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygy we dostlugy berkitmäge möhüm goşant goşar, parahatçylygyň, agzybirligiň we ösüşiň berkarar bolmagyna ýardam eder. Çünki medeniýet hemişe beýik birleşdiriji güýç bolmak bilen, beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döredýär.

Daşary ýurtly myhmanlar Türkmen döwletiniň Baştutanyna, tutuş türkmen halkyna mähirli myhmansöýerlik hem-de uly şatlyk we ýatdan çykmajak täsirleri peşgeş beren ajaýyp baýramçylyk üçin hoşallyk bildirdiler.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda döredijilik forumynyň geçirilmegi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi, dünýäniň halklarynyň dürli öwüşginli medeniýetleriniň ösmeginde, türkmen sungatynyň mundan beýläk-de kämilleşmeginde we milli medeni mirasyň tanyşdyrylmagynda bu çäräniň ähmiýetiniň uly bolandygy bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter