BSGG-niň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy | TDH
Jemgyýet

BSGG-niň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy

опубликованно 14.04.2017 // 1148 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny, şeýle hem bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça Çäreleriň meýilnamasyny we Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzümini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.

Bu çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek pudak edaralaryna, welýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimliklerine tabşyryldy. Bellenilişi ýaly, maksatnama temmäkä garşy göreşilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine, ömrüň dowamlylygynyň artdyrylmagyna 2025-nji ýyla çenli keselleriň öňüni almakdan we temmäki önümleriniň sarp edilişini çäklendirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan temmäkä garşy göreş boýunça dünýäde öňdäki orny eýelemek bilen, bu babatda beýleki ýurtlara görelde bolýar hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter