Türkmenistanda umumy bahasy ABŞ-nyň 48 milliard dollaryna deň bolan iri desgalaryň 1900-e golaýy gurulýar | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanda umumy bahasy ABŞ-nyň 48 milliard dollaryna deň bolan iri desgalaryň 1900-e golaýy gurulýar

опубликованно 12.04.2017 // 1009 - просмотров
 

Häzirki döwürde ýurdumyzda iri desgalaryň 1900-e golaýynyň gurluşygy alnyp barylýar. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 48 milliard dollaryndan gowrakdyr. Olaryň 1790-ny ýurdumyzyň kärhanalary gurýarlar.

2017-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzda ähli amatlyklary özünde jemleýän, umumy meýdany 400 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleri, sagaldyş-dynç alyş we sport merkezleri, çagalar

baglary hem-de başga-da köpsanly durmuş ulgamyna degişli desgalar bar.

Senagat desgalarynyň hatarynda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Merkezi Aziýada iri Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplum (Lebap welaýaty) aýratyn orun eýeleýär.

Häzirki wagtda karbamid we ammiak önümçiligi boýunça ägirt uly desgalar, polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy gurulýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter