Prezident Aleksandr Lukaşenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Belarusa gelip görmäge çagyrdy | TDH
Syýasat habarlary

Prezident Aleksandr Lukaşenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Belarusa gelip görmäge çagyrdy

опубликованно 08.04.2017 // 863 - просмотров
 

Belarus Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberip, Türkmenistanda özüniň mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Hatda şeýle diýilýär:

“Ikitaraplaýyn möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygy, birnäçe resminamalara gol çekilendigigi guwançly ýagdaýdyr. Olaryň durmuşa geçirilmegi belarus-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.

Meniň saparym Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň ulanmaga berilmegi we Aşgabatda Belarus Respublikasynyň ilçihanasynyň binalar toplumynyň açylmagy ýaly taryhy ähmiýetli şanly wakalara gabat geldi. Munuň özi biziň döwletlerimiziň hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikdäki giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Açyklyk we mähirli ýagdaýda geçýän her ýylky duşuşyklar indi asylly däbe öwrüldi we olar özara gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýe bolmagyny şertlendirýär”. Şeýle hem Aleksandr Lukaşenko türkmen kärdeşini islendik amatly wagtda Belarusa gelip görmäge çagyrdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter